ÝURDUMYZDA MILLI HASAPLAR ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞMEGI

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklarynyň ösmegi Türkmenistanyň hasabatynyň hasaba alnyşyny üýtgedip gurmaga, bazar ykdysadyýetiniň işleýşini häsiýetlendirýän görkezijileri ornaşdyrmaga zerurlygyň  ýüze çykmagyna şert döretdi. Bazar gatnaşyklary şertlerinde döwletiň ykdysadyýet babatdaky esasy wezipesi makroykdysady düzgünleşdirişden ybarat bolup durýar. Makroykdysady düzgünleşdiriş döwletiň durmuş-ykdysady ösüş boýunça syýasy ugruny kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat edýän makroykdysady görkezijileriň toplumlaýyn seljermesiniň ähmiýetiniň ýokarlanmagyny kesgitleýär.

Ýurdumyzda milli hasaplar ulgamynyň kämilleşmegi Türkmenistanyň statistikasynyň ýeten üstünligi boldy. Halkara tejribede kabul edilen we milli hasapçylykda – milli hasaplar ulgamyna (MHU) esaslanan täze usulyýete geçmek zerur boldy. MHU-nyň kömegi bilen ykdysady işleriň görkezijileriniň hasabaty we onuň netijeleriniň bütewliligi gazanylýar. MHU hemme ýurtlaryň görkezijilerini deňeşdirme bilen üpjün edýär, olaryň toplumy dünýä derejesine alyp barýar, dünýäde milli ykdysadyýetiň tutýan ornuny we oýnaýan roluny kesgitleýär.  

Halkara ekspertleriniň tehniki taýdan ýardam bermegi bilen we MHU-nyň täze görnüşiniň dünýä tejribesine ornaşdyrylmagy bilen halkara guramalarynyň MHU-2008 halkara statistiki standartynyň täze görnüşiniň işlenip taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly Türkmenistanda täzelenen MHU-ny uýgunlaşdyrmak boýunça uly işleri geçirilip şu günki günde  MHU-2008 halkara statistiki standartlarynda işlenip başlanyldy.

Ykdysadyýetiň ösüşiniň ykdysatçylar tarapyndan ulgamlaýyn gözegçilige alynýan iň möhüm ölçegleriniň esasysy jemi içerki önümdir. JIÖ-e şeýle garaýyş onuň tutuş ykdysadyýetiň işleýşiniň jemleýji netijesini aňladýandygy bilen şertlendirilýär. JIÖ ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we böleklerinde döredilen goşulan gymmatyň ululygyny häsiýetlendirýär. Şonuň üçin ýurduň ykdysady taýdan ösüşiniň umumylaşdyryjy görkezijisi bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň netijeliligine berilýän baha JIÖ-iň hasaplamasynyň dolulygyna, dogrulyk derejesine bagly bolup durýar. JIÖ-e baha berlişiniň dogrulygy ykdysadyýetiň pul massasy, döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary, daşarky we içerki bergileri ýaly iňňän möhüm görkezijileriň emele gelmeginde düýpli ähmiýete eýedir. JIÖ-iň möçberi jemi milli girdeji görkezijisiniň esasy düzüm bölegi bolup hyzmat edýär.

Maýsa ANNAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy. 

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok