Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gözel keşbini, ajaýyplygyny duýup, kendiriň ýüzünde dürli reňkleriň sazlaşygynda ýerine ýetirmeklik ähli suratkeşleriň esasy maksadydyr. Reňkler sazlaşanda taslamada reňkleriň owazy emele gelýär.
2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Reňkleriň owazy” atly döredijilik sergi açyldy. Sergide häzirki wagtda Mary welaýatynda döredijilikli zähmet çekýän, ýokary okuw jaýymyzyň uçurymy Mustapa Ýagşymyradowyň nakgaş we grafiki işleri görkezilýär. Bu şahsy sergide suratkeş 1996-njy ýyldan tä häzirki wagta çenli döreden 100-den gowrak işlerini hödürledi.
Mustapa Ýagşymyradow ilkinji sungata bolan höwesini ene-atasynyň ruhlandyrmaklygyndan başlanýar. Şeýlelik-de suratkeş sungata ilkinji ädimler ädýär. Ol 1988-1992-nji ýyllarda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini tamamlap, 1994-2000-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň “Teatr-haşam nakgaşçylygy” hünärine eýe bolýar. Mustapa Ýagşymyradowyň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okan döwründe halypalyk eden ussat suratkeşler Şamuhammet Akmuhammedow, Aman we Çary Amangeldiýewler dagylar bolupdyrlar.
Erkin suratkeş M. Ýagşymyradow “Reňkleriň owazy” atly şahsy döredijilik sergisindäki işlerinde natýurmort, peýzaž, taryhy, durmuşy temalara köp ýüzlenýändigini we olarda arassa owadan ýazylan sungat eserini görüp bolýar. Zehinli suratkeşiň “Nohur” (2000), “Günebakarlar” (2017), “Üzümlik” (2018), “Kenar” (2018), “Umbardepe” (2019) atly peýzažlary we “Ir-iýmişler” (2018), “Narly bägüller” (2018), “Alma-narlar” (2018), “Sirenler” (2019) ýaly natýurmort eserleri ajaýyplygy bilen tomaşaçylarda ýakymly duýgulary oýarýar.
M.Ýagşymyradow ýurdumyzyň birnäçe owadan künjeklerine gidip, şol ýerlerde çalt ýerine ýetirilýän etýudlary çekipdir. Suratkeşiň Balkan welaýatynyň Nohur obasynda bolan pursatynda nakgaş we grafiki etýudlary edipdir. Bu etýudlar örän owadan çeperçilik tarapdan has janly we ussatlyk bilen ýazylypdyr.
Sergidäki suratkeşiň portret ererlerine seredeniňde hem suratlandyrylýan keşbiň içki duýgusyna düşünip, onuň çeper häsiýetini açyp bolýar. Ýerine ýetirilen eserler özleriniň ajaýyplygy bilen tomaşaçylarda örän uly täsir galdyrýar.
Suratkeşiň “Ahalteke bedewi” (2017), “Duşuşyk”, (2018), “Ýanardag” (2018) atly eserlerinde türkmen bedewleriniň gözelligi ýyndamlygy wasp edilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň Mary welaýatynda ýerleşýän Soltan Sanjar, Gyzlargala, Merw taryhy ýadygärliklerini suratlandyrýan eserler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. M. Ýagşymyradowyň ajaýyp eserleri, onuň gujurly, zehinli suratkeşdigini subut edýär.
Teswirler