Küşt häzirki döwrüň iň gadymy oýunlaryndan biridir. Bäşinji asyrda Hindistanda oýlanyp tapylan bu tagta oýny ilki “Chaturanga” diýlip atlandyryldy. Soňra Hindistanyň ösmegi bilen bu oýun parslara ýaýrapdyr (parslar küşti ,,Şatranj” diýip atlandyrypdyr). Şeýdip, ol dünýäniň çar künjegine ýaýrap başlapdyr. XV asyra çenli küşt dürli üýtgeşmeler bilen häzirki görnüşe gelipdir.
Ilkinji häzirki zaman küşt ýaryşy 1851-nji ýylda Londonda geçirildi we nemes küştçisi Adolf Anderssen ýeňiji boldy. 1924-nji ýylyň 20-nji iýulynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen sekizinji tomusky Olimpiýa oýunlarynda FIDE (Bütindünýä küşt federasiýasy) döredildi. 181 küşt federasiýasyny öz içine alýan FIDE, bu gün bütin dünýäde küşt ýaryşlaryny guraýan guramadyr.
Ilkinji Halkara küşt güni UNESKO-nyň teklip etmegi bilen 1966-njy ýylda Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) döredilen gününde, ýagny 20-nji iýulda bellenilip başlandy. Şondan soň her ýylyň 20-nji iýuly bütin dünýäde halkara küşt güni giňden bellenilip geçilýär.
Bütin dünýäde bellenilýän Halkara küşt güni, häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hem ykrar edildi. Baş Assambleýa degişli karary 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrda biragyzdan kabul etdi. Karar Ermenistan tarapyndan düzüldi we beýleki 52 ýurt tarapyndan hemaýatkärlik edildi.
Bü günki gün dünýäde ortaça 605 million adam küşt oýnaýar. Esasan hem, uly ýaşly adamlaryň 70%-i durmuşynyň belli bir döwründe küşt oýny bilen gyzyklanýandygy anyklanyldy.
Çarymämmet ÖWEZMYRADOW,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň
15-nji orta mekdebiniň mugallymy
Teswirler