Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sungatda we medeniýetde parahatçylygy, dostlugy, ynanyşmagy berkidýän belent işleri amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýurdumyzyň we dost-doganlyk halklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda heýkeltaraşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigiň jemleýj tapgyry geçirilip, sergisi geçirildi. Bu sergide daşary ýurtly we türkmen heýkeltaraşlaryň döredijiliginde parahatçylygy, asudalygy, watansöýüjiligi, hoşniýetliligi ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän çeper eserleri açyp görkezilýär. Sergide parahatçylyk, zähmetsöýerlik, medeni miras, bagtly maşgala ýaly temalarda döredilen heýkel işleri görkezilip, olar esasan, tegelek we güberçek göwrümlerde ýerine ýetirilipdir. Bu heýkel işleri agaç, gips, bürünç, daş we palestr ýaly materiallarda ýasalypdyr. Sergä halypa we ýaş heýkeltaraşlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Aşgabat şäheriniň, welaýatlarymyzyň ýörite çeperçilik we sungat mekdepleriniň talyplary we okuwçylary gatnaşdylar.
Dünýä ýurtlary bilen özara dost-doganlygyň berkemegine giň mümkinçilikleri açýan bäsleşik sergisine Russiýa Federasiýasyndan, Ukrainadan, Ermenistan, Belarus, Özbegistan, Moldowa ýaly Respublikalardan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Mongoliýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden otuzdan gowrak heýkeltaraşlar öz döreden eserleri bilen gatnaşdylar. Olaryň arasynda Arman Hambardzumýan, Gaý Kazançýan ýaly ermeni heýkeltaraşlaryň, Moldowa Respublikasyndan Ion Kataraga ýaly zehinli heýkeltaraşlaryň eserleri mifologiki žanrda ýerine ýetirilip, taslama gurluşy boýunça özboluşlydyr. Mundan başga-da bäsleşik sergisinde heýkel portretleri hem uly orun eýeleýär. Toýun we gips materiallaryndan dürli ölçeglerde ýasalan Gramma Adrian Doreliň “Wiktoryň portreti”, Ştefan Drumeunyň “Galina Neşkonyň portreti” ýaly eserlerini, şeýle-de Adel Usmanowanyň awtoportretini synlanyňda adamlaryň içki dünýäsini, duýgularyny aňmak bolýar. Konstantin Kostýuçenkonyň “Teňňe” atly uly göwrümli eseri heýkeltaraşlyk sungatynyň güberçek (relýef) görnüşinde döredilipdir. Bürünçden guýlup döredilen bu güberçek heýkel monumental eser hökmünde kabul edilip, ol binanyň taslama gurluşynda bezeg bölegi hökmünde hyzmat edýär. Koreýa Respublikasy boýunça sergä gatnaşýan heýkeltaraş Ýu Joň Hiniň eserleri tebigata, onuň düzümindäki janly-jandarlara bolan uly söýgüsi bilen tapawutlanýar. Onuň palestrden ýasap, aýna bölekleri bilen baýlaşdyran “Tebigat we janly-jandarlara söýgi” atly özboluşly heýkel taslamasy Koreýa şekillendiriş sungatynda öňden dowam edip gelýän däpleriň äheňine ýugrulandyr. Rus heýkeltaraşlaryň gündelik durmuşy žanrynda ýerine ýetirilen işleri serginiň esasy bölegini düzýär. Olaryň arasynda Rüstem Hasanowyň “Frontdan gelen hat”, Ilgiz Faýzulliniň “Balykçy”, Wiktor Dorjiýewiň “Çöl gämisi, düýe”, “Çopan” ýaly heýkel taslamalary tapawutlanýar. Daşary ýurtlardan sergä gatnaşýan bu heýkel taslamalary häzirki zaman dünýä heýkeltaraşlyk sungatynyň çeperçilik aýratynlyklaryny şöhlelendirýärler. Olarda öňden gelýän žanrlary, ugurlary dowam etdirilip, şol bir wagtda-da özboluşly täzeçillik öwüşgini ýüze çykarýar.
Sergä gelen tomaşaçylar ýurdumyzyň we dost-doganlyk halklaryň heýkeltaraşlyk sungatynyň ajaýyp çeper eserleri bilen tanyşyp bilýärler. Olaryň arasynda türkmen heýkeltaraşlarynyň ýiti zehininden syzylyp çykan kämil eserler hem orun eýeleýär. Bu heýkel eserleri häzirki zaman türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň ösüş ýolunda möhüm ähmiýete eýedir. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň, şeýle-de welaýatlardaky çagalar çeperçilik mekdepleriniň ýaş we halypa mugallymlary, zehinli talyplary, galyberse-de ýurdumyzda zähmet çekýän erkin heýkeltaraşlar tarapyndan döredilen ýüzden gowrak heýkel eserleri görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Maksat Tugurowyň “Dordepel”, Şirmyrat Hojagulyýewiň “Taýçanak”, “Daýhan”, Gurbangeldi Gaýypberdiýewiň “Läle”, “Şükür bagşy”, Maksatmyrat Hojainowyň “Türkmen milli oýunlary”, “Näzli” ýaly dürli žanrlarda döreden eserleri halkymyzyň däp-dessurlaryny, ýaşaýyş-durmuşyny açyp görkezýär. Döredijilik ýoluny ýokary depginde dowam edýän erkin heýkeltaraşlar Orazmyrat Gurbanow, Artyknazar Meredow tarapyndan döredilen heýkeller sergä özboluşly gözellik berdi. Orazmyrat Gurbanowyň “Mukam”, “Pagtaçy”, “Üç pursat” ýaly stanok eserleri diňe bir ýerine ýetiriliş ussatlygy bilen däl-de, eýsem, köptaraplaýyn taslama gurluşy bilen tomaşaçylary haýran galdyrdy. Artyknazar Meredowyň bürünçden ýasalan “Maşgala”, “Gülli gyz” ýaly eserleri tapawutly nyşany äheňleri bilen özüne çekýär. Şeýle-de sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlary we uçurymlary tarapyndan ýerine ýetirilen we parahatçylygy, asudalygy, zähmetsöýerligi, sagdyn durmuşy wasp edýän taslama eserleri ýaşlaryň kämil dünýägaraýyşyny şöhlelendirýär. Bu eserler heýkeltaraşlyk sungaty boýunça bilim alýan ýaşlaryň zähmetiniň miwesidir.
Umuman, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açylan bäsleşik-sergisi döwletleriň arasyndaky gün-günden berkeýän özara dost-doganlyk gatnaşyklaryň pugtalanmagy ugrunda bitirilen ägirt uly işleriň biridir. Bu sergi medeniýet we sungat pudagynda bilimleri we tejribeleri paýlaşmakda, heýkeltaraşlaryň öňünde täze ugurlary we mümkinçilikleri açmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Gülnara Kurbanmuhammedowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty
öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler