Türkmenistan – sebitdäki energiýa söwdasynda öňdebaryjy orny eýeleýär

Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryndan biridir. Bilermenleriň pikirine görä, sebitde durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin, sebit energiýa hyzmatdaşlygynyň artykmaçlyklaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjek biri-biriniň üstüni ýetirýän energiýa çeşmeleriniň we önümçilik gurluşlarynyň iň gowy toplumy bar.

Ýurdumyzda şeýle-de Gazagystan we Özbegistan ýaly döwletlerde tebigy gazyň, nebitiň we kömrüň uly gorlary bar, Täjigistan we Gyrgyzystan Respublikasy ýaly döwletler bolsa gidroenergetika pudagynda uly mümkinçiliklere eýe. Merkezi Aziýa sebitinde gün we ýel energetikasy pudagynda ulanylmadyk uly mümkinçilikler bar. Bu ugur bilen baglanyşykly milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi kem-kemden arassa energiýa çeşmelerine geçmäge ýardam eder. Energetika pudagyndaky sebitleýin hyzmatdaşlyk täze öndüriji kuwwatlyklaryň işe girizilmegi üçin maýa goýum çykdajylarynyň azalmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň özleşdiriş derejesiniň ýokarlanmagyna getirer.

Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) bilermenleriniň maglumatlaryna görä, elektrik energiýasynyň ýetmezçiligi, Pakistanda 6000 MWt barabardyr, Owganystanda bolsa 2032-nji ýyla çenli goşmaça 3500 MWt-a isleg bolar. Energiýa hyzmatdaşlygynyň ösmeginde, esasanam, elektrik söwdasynda energiýa gorlary taýdan dünýäniň iň baý ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistan wajyp orny eýeleýär.

2029-nji ýylda ýurdumyz Serdar-Garagul elektrik geçirijisi (GS 500 kWt) arkaly Özbegistana berýän elektrik energiýasyny artdyrdy. Şu ýylyň iýun aýynyň başynda Eýran Yslam Respublikasy elektrik energiýasynyň has köp sarp edilmegi sebäpli, Türkmenistandan çäkli mukdarda elektrik energiýasyny satyn alyp başlady. Bu bolsa ýurdumyzyň sebitdäki energiýa pudagyndaky ösüşine uly itergi berýär.

Kerimberdi AMANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok