Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Respublikasy köp asyrlyk taryhy boýunça biri-birine ýakyn hasaplanylýar. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar ýygjam we özara bähbitli görnüşde alnyp barylýar. Ynha şu günler hem Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär. Bu makalany ýazmak bilen iki ýurduň medeniýetleriň we dilleriniň arasyndaky umumylyklary açyp görkezmegi maksat edindim.
Gyrgyzystanyň resmi dili gyrgyzjadyr. 2001-nji ýylyň 24-nji dekabrynda çykarylan kanun bilen rus dili döwletiň ikinji resmi dili bolupdyr. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ulanylýan elipbiý 1940-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän Kirill elipbiýidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gyrgyzystanyň metbugatynda dürli atdaky gazet-žurnallar çap edilýärler. Asaba (Baýdak), Gyrgyz ruhy, Res Publika, Delo No, Aalam ýaly hususy gazetler, Kut Bilim (Kutadgu Bilig) ýaly ýarym resmi gazetler, Gyrgyz Tuusu (Gyrgyz baýdagy), Slowo Kyrgyzystana, Erkin Too (Erkin daglar) ýaly resmi gazetler gyrgyz metbugatynda esasy orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar.
Gyrgyz dili türki dilleriň gyrgyz-gypjak toparyna degişlidir. Gyrgyz dili gadymy dilleriň biri hasaplanylýar. Dilleriň ösüş ýagdaýynda gyrgyz diline gypjak dilleri belli bir derejede täsirini ýetiripdir diýlip hasaplanylýar. Gyrgyz dilini esasan, iki şiwä bölýärler, ýagny demirgazyk we günorta şiwelerine, kabir alymlar bolsa ony üç topara: demirgazyk, günorta-günbatar we günorta-gündogar şiwelerine bölýärler. Şiweler, esasan, fonetik we leksik birlikleri bilen tapawutlanýarlar.
B. M. Ýunusaliýewiň bellemegine görä, gyrgyz diliniň fonetik aýratynlygy sekiz sany gysga fonemanyň sekiz sany uzyn fonema garşy goýulmagydyr. Gyrgyz diliniň morfologiýasy beýleki türki dilleriniň morfologiýasy bilen meňzeş hasaplanylýar. Gyrgyz dilinde ýokluk şekili «emes» sözi bilen aňladylýar. Edebi diliniň esasyny demirgazyk şiwesi düzýär. Edebi diliniň sözlük gorunyň baýlaşmagy, esasan, ýerli sözleriň we içki dil serişdeleriniň hasabyna bolup geçýär.
Türkmen dilinde «Agam kimi alsa, ýeňňem şoldur». Gyrgyz dilinde: «Agam kimdu alsa žeňem oşol». Türkmen dilinde «Agasyny görüp ini öser//bibisini görüp, siňli (uýasy) öser». Gyrgyz dilinde: «Agasyn körüp, ini ösöt//ežesin körüp, siňdu öset». Türkmen dilinde: «Akar suwda haram ýok». Gyrgyz dilinde: «Agyn (akkan) suuda aram žok». Türkmen dilinde: «Adam alasy — içinde, haýwan alasy — daşynda». Gyrgyz dilinde: «Adam alasy — içinde, mal alasy — tyşynda». Türkmen dilinde: «Adama -yşarat, haýwana — taýak». Gyrgyz dilinde: «Adamga — işarat, aýbanga-keltek». Türkmen dilinde: «Adamdan akyl gaçyp gutulmaz». Gyrgyz dilinde: «Adamdan akyl kaçyp kutulbaýt». Türkmen dilinde «Azy bilmeýän köpünide bilmez». Gyrgyz dilinde «Azdy bilbegen, köptüda bilbeýt». Türkmen dilinde: «Az gaýgyny — aş basar//köp gaýgyny dost basar». Gyrgyz dilinde: «Az kaýgyny — aş başat// kep kaýgyny -dos başat». Türkmen dilinde: «Adam bolan kişiniň adam bilen işi bar//Adam bolmaz kişiniň adam bilen näsi bar». Gyrgyz dilinde: «Adam bolor kişinin adam menen işi bar// Adam bolbos kişinin adam menen nesi bar». Türkmen dilinde: «Adamyň görki adalatlylykda/Ýigit görki — edeplilikde». Gyrgyz dilinde: «Adamdyn körký adilettüülükte//Zigittin körkü — adaptüülükte».
Dilçi alymlaryň bellemegine görä, ähli türki diller özleriniň sözlük düzümi, grammatik we fonetik gurluşy boýunça bütin bir kowumdaş diller toparyny düzýär. Şonuň üçin hem türki dillere degişli bolan türkmen, azerbaýjan, özbek, gazak, gyrgyz, başgyrt, tatar, garagalpak ýaly milletleriň leksik birliklerinde, şol sanda olaryň adam atlarynda hem umumylyklar, meňzeşlikler köpdür.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby
Teswirler