Iş bilen üpjünçilik – durnukly ösüşiň möhüm aýratynlygydyr

      Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeler, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk hünarli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça täzeçil çemeleşilmegine aýratyn şert döredýär.

      Hormatly Prezidentimiziň degişli karary bilen tassyklanan, “Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” hem-de bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy hem kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

      Bu Maksatnama ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň depginli we durnukly ösüşini, bazar infrastrukturasynyň pugtalanmagyny, erkin bäsleşigiň ösdürilmegini we hususy telekeçileriň başlangyçlarynyň höweslendirilmegini, täze önümçilik, medeni, durmuş üpjünçilik desgalarynyň gurulmagyny we işe girizilmegini, hyzmatlar ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegini üpjün edýär. Şeýle hem, ýurdumyzda döwrebap iş orunlarynyň döredilmeginden hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyndan ybaratdyr.

     Zähmet bazary ykdysady özgerişiklere näçe çalt uýgunlaşmagy başarsa, edara-kärhanalaryň we guramalaryň hünärli hünärmenlere bolan islegleriniň şonça-da tiz kanagatlandyrylýandygyny durmuş tejribesi görkezýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde köp sanly gurlup ulanylmaga berilýän iri görnüşli önümçilik maksatly zawodlardyr, fabrikler durmuş üpjünçilik maksatly desgalar hem-de hususy ulgam tarapyndan amala aşyrylýan dürli önümçilik ugurly işleri zähmet bazarynyň ýagdaýyna täsir etmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

   Zähmet bazarynda kemala gelen ýagdaýlardan ugur alyp, hünär bilimi ulgamyny sazlaşykly ösdürmek, özüniň wajyplygy bilen tapawutlanýar.  Milli ykdysadyýetimiziň ylmy esasda ösdürilmegi, hünärli işgärler bilen üpjün edilmegi,  döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we bu ornaşdyrylýan tehnologiýalardan baş alyp çykýan hünärmenleriň sanynyň artmagy, işewürligi goldamagyň netijeli usullarynyň işlenip taýýarlanylmagy, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjek möhüm ugurlaryň biridir.

    Ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy ykdysadyýeti döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmekde işgärleriň hünär başarnygyna möhüm orun degişlidir. Hünär bilimi ulgamy tarapyndan hödürlenýän başarnyklaryň we zähmet bazarynyň islegleriniň arasynda sazlaşygy gazanmak, iň çylşyrymly we möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.  Hünärmenleriň täzeçil pikirlenmek, ýerine ýetirýän işine döredijilikli çemeleşmek häsiýetleri tutuş ykdysady subýektiň işiniň öňe gitmegine itergi bermek bilen, bu başarnyklar täze gymmaty döretmekde işçi güýjüniň egsilmez çeşme bolup durýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

    Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ykdysadyýetiň subýektleriniň ösüşini goldamak maksadyndan ugur alyp, ýokary derejeli hünärmenlere, ýagny olaryň hünär başarnygyna maýa goýmagy ýykgyn etmegiň uly manysy bardyr. Sebäbi, täze şertlerde ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, hünärmenleriň alan bilimlerini özleşdirmäge taýýarlygyny ýola goýmak hem, wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki zaman döwrebap tehnologiýalarynyň we sanly innowasiýalaryň milli ykdysadyýetimizde has içgin ornaşdyrylýan döwründe kabul edilýän sanly çözgütler ýurdumyzyň uzakmöhletleýin ykdysady ösüşiniň we ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyny üpjün edýär.

    “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli ykdysadyýetimizde ýaşlaryň hünär taýýarlygy barada edýän atalyk aladalary we bu babatda berýän ýadawsyz goldawlary hem-de döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Arkadagymyza jan-saglyk, uzak ömür arzuw edýäris!   

Nurmuhammet Allanurow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok