Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda örän jaýdar belleýşi ýaly, XVIII asyryň türkmen durmuşynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragy mertlik pentlerini döredijiliginiň baş mazmunyna öwrüpdir[1]. Çünki, dana Magtymguly atamyz özüniň bütin ömrüne arzuwlan berkarar döwletiniň, ajap eýýamynyň wysalyny milletiniň mert ýigitleriniň gaýratynda görüpdir we bu babatda öz iliniň gerçekleriniň ruhuny galkyndyrmaklygy baş maksat edinipdir. Hut şu nukdaýnazardanda ol:
– Mert bolar men diýseň, merde hemra bol.
– Ýa bir merde ýykyl, ýa-da Hudaýa.
– Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň.
– Mert çykar myhmana güler ýüz bilen.
– Mert çeker täsibin iliñ-ýurduñ,
– Merde her iş düşse, görer Hudaýdan,
– Mertden aşna tutsañ, abraýña şärik – diýen şygyr setirlerinde[2] mertlik pentlerine ýugrulan şahyrana taglymlaryny öňe sürüpdir. Beýik Magtymguly Pyragynyň mertlik pentleri bolsa, türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetiniň şahyrana dildäki çeper aňlatmasydyr. Bu çeper aňlatmanyň bolsa edermenlik, batyrlyk, jomartlyk diýen manylary berýändigine Aşyrpur Meredowyň 1997-nji ýylda neşir edilen «Magtymgulynyň düşündiriş sözlügi» atly kitabyna ser salanyňda anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar[3].
Magtymguly atamyzyň çeper pikirlenmesiniň baý mazmuna öwrülen mertlik aňlatmasynyň pelsepe esaslaryny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa «Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda «Mert ýigit» pelsepesi» atly ylmy makalasynda has içgin düşündirýär. Halypa zenan alymymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndaky mertligiň ylmy nazaryýet taýyndan erkek adamyň pähimliliginiň, dogumlylygynyň, gaýratlylygynyň, batyrlygynyň, edermenliginiň, çydamlylygynyň, jomartlygynyň, rehimliliginiň, myhmanparazlygynyň, watansöýüjiliginiň, ynsanperwerliginiň, dogry sözlüliginiň, wepalylygynyň, göwnaçyklylygynyň, elaçyklylygynyň jemi diýmekligi aňladýandygyny beýan edýär. Diýmek, beýik akyldar şahyrymyzyň şahyrana dünýäsindäki mertlik düşünjesi türkmen ýigdiniň beýik şahsyýetini, belent abraýyny, oňa mahsus bolan milli gylyk-häsiýetini alamatlandyrýar.
Filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakowyň «Magtymgulynyň döredijiliginde merdiň keşbi» atly ylmy makalasyndaky: «Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýratlylyk, ar-namyslylyk, päklik onuň nusgawy gahrymanynyň esasy sypatlary bolup, ol sypatlar mert, goç ýigit, ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalarda öz beýanyny tapypdyr.»[4] – diýen ylmy nazaryýetiniň mysalyna beýik akyldar şahyryň «Bolar sen»[5] atly şygrynyň:
Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy,
Är ardynda gezseň, är dek bolar sen – diýen, ; «At ýanynda bellidir»[6] atly goşgusynyň:
Ýigit diýgeç hemme ýigit ýigit bir bolmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir. – diýen şahyrana setirleriniň mazmunynda-da gabat gelmeklik bolýar. Çünki, bu şygyrlarda mertlik keşbi goç ýigit, ýigit, är, är ýigit ýaly adalgalaryň esasynda suratlandyrylyp teswirlenýär.
Magtymguly atamyz «Aty gerek»[7] atly goşgusynyň:
At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.
Gelene garşy çykmaga,
Ýagşy muhupbeti gerek – diýen bendinde mert adyny gazanan türkmen ogluny bedewsiz göz öňüne getirmeýär. Çünki bedew at mert ýigidiň baky wepadar ýoldaşy. Bu barada filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakow «Magtymgulynyň döredijiliginde merdiň keşbi» atly ylmy makalasynda:«Şahyryň jöwher şygryýetinde türkmen bedewi hemişe mert ýigit bilen bilelikde göz öňünde janlandyrylýar. Olaryň ikisiniň hem ajaýyp sypatlary bilelikde taryp edilýär. Bu hakykat mert türkmen ýigidiniň keşbiniň milliligini-de, durmuşylygyny-da alamatlandyrýar.»[8] – diýip örän jaýdar belleýär.
Magtymguly Pyragynyň çeper pikirlenmesinde hemişe türkmen bedewi bilen bilelikde göz öňünde jandyrylýan mert ýigit teswiri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi ahalteke bedewleri bilen didarlaşan her bir pursady, hususan-da, 2017-nji ýylyň 8-nji maýy, 2021-nji ýylyň 22-nji we 23-nji apreli, 2021-nji ýylyň 6-njy iýuny senelerinde hakydamyzda baky galan taryhy pursatlar Magtymguly atamyzyň mertlik pelsepesiniň baý mazmunyny göz öňüňde janlandyrýar. Milli Liderimiziň şu ýylyň 6-njy iýunynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan özüne sowgat berlen Hankerwen atly bedewiň ady barada aýratyn durup geçmeklik bilen, «Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen ilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamatyň bardygyny dile getirip, kerwen hatarlarynyň uzap gidişi ýaly, bu ugurda bar bolan asylly ýörelgeleriň hem taryhyň dowamynda nesilden-nesle geçip, dowam bolmagyny arzuw etmekliginiň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň «Hankerwen» diýen sözüň aňyrsynda türkmen ilinde mukaddeslik derejesine göterilen dowamatyň bardygy baradaky parasatly taglymy beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Dert boldy»[9] atly şygrynyň:
Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar – diýen, «Mert bolmaz»[10] atly goşgusynyň:
Mert ýigit mert ärden öner – diýen şahyrana setirleriniň baý mazmunyny özünde jemleýär. Çünki, Magtymguly atamyz bu ajaýyp şygyr setirlerinde ata-babalarymyzyň ençeme müň ýyllaryň dowamynda halk döredijiligi eserlerine siňdiren «Mert ýigitden mert dogar»[11] diýen dana pähim-paýhasyny has içgin öwrenip, olary öz eserlerine nepislik bilen siňdirip, täzeçe görnüşde ýene halka gaýtaryp beripdir. Ine, şu nukdaýnazaryň özi hem, beýik akyldar şahyrymyzyň «Mertlik» taglymynyň düýp mazmun özenini parasatly pederlerimiziň «Mert ýigitden mert dogar», «Mert elinden köp iş geler, namartdan hiç iş bitmez», «Mert Hudaýdan görer, namart ýoldaşyndan», «Mert serini berer, syryny bermez», «Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar», «Mert ýigitler saçak açar a:t alar», «Mert söweşde belli, dana – geňeşde», «Mert özünden görer, namart – ýoldaşyndan», «Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler», «Mert – iliň adamy», «Merdi magtasaň-da mert, namardy magtasaň – dert», «Merdiň sözi ýeke, namardyň özi ýeke», «Mert berip guwanar, namart – alyp», «Mertde mähir bolar, namartda – gahar», «Namart – aş üstünde, mert iş üstünde» – diýen ýaly pähim-paýhasa ýugrulan parasatly atalar sözlerindäki merdiň keşbi düzýär. Şeýlelik bilen, beýik akyldaryň döredijiligindäki «Mertlik» pelsepesiniň many-mazmuny baýlaşyp, halk arasyndaky täsirliligi artypdyr.
Türkmen halkymyzyň we tutuş Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň umumadamzat nesline miras goýan edebi hazynasynda pähimlilik, dogumlylyk, gaýratlylyk, batyrlyk, edermenlik, çydamlylyk, jomartlyk, rehimlilik, myhmanparazlyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dogry sözlülik, wepalylyk, göwnaçyklylyk, elaçyklylyk ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň mert ýigidiň ruhy özboluşlylygyny aňladýandygyny çeper beýan edýär. Dana şahyrymyz mert ýigidiň şahsyýetini bezeýän täsin gylyk-häsiýetleriniň, onuň ata-baba ganynda bar bolan ajaýyp gylyk-häsiýetlerdigini, bu ajaýyp gylyk-häsiýetleriň bolsa nesil-nebere yzarlaýandygyny, şeýle keşpli gerçek ogluň dowamatynyň hem aslyýeti ýaly mert bolýandygyny şahyrana dilde teswirleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Magtymguly atamyz «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş «Mert ýigit mert ärden öner», «Eý, ýaranlar, mert ýigitden mert dogar» diýen şahyrana setirleri öňe sürüpdir[12].
Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mertlik» pelsepesi häzirki ajaýyp döwrümiziň bagtyýar durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar nesilleri üçin hem, gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak kämillik mekdebidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa «Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda «Mert ýigit» pelsepesi» atly ylmy makalasynda beýik akyldaryň «mertlik» aňlatmasynyň döwrebap manysyny ylmy taýdan teswirläp: « Häzirki zaman nukdaýnazaryndan mertlik, munuň özi hamyrmaýasy–batyrlyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, şol bir wagtyň özünde hem ylymlylyk, bilimlilik, kämillik, maksadaokgunlylyk, çözgüt edip biljilik, adalatlylyk, tiz pähimlilik, sagdyn bedenlilik, polat ýaly erklilik, täze tilsimatlardan baş çykaryp bilijilik, päk ahlaklylyk, giň we çuň gözýetimlilik, jogapkärçilik, işjanlylyk, erjellik… diýmegi aňladýar.» – diýip belleýär.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy
Şu aşakdaky habarlarda ýerleşdirilen suratlar «Magtymgulynyň «mertlik» pendi – türkmen ýigidiniň milli edep medeniýeti» atly makalasynyň baý many-mazmunyny açyp görkezýär:
* https://www.turkmenhabar.com/hormatly-prezidentimiz-gurbanguly-berdimuhamedow-welosipedli-we-atly-gezelenc-etdi/
* https://ussatnews.com/tm/posts/news/1117/asgabatda-halkara-ahalteke-atcylyk-we-turkmen-alabay-itleri-assosiasiyalarynyn-merkezi-acyldy
* https://ashgabat.in/2021/04/24/turkmenistanyn-prezidentinin-ahalteke-atcylyk-toplumynda-gecirilen-dabara-serdar-berdimuhamedow-gatnasdy/
* https://turkmenportal.com/tm/blog/37228/serdar-berdimuhamedow-turkmenistanyn-prezidentine-hankerwen-atly-bedewi-gowshurdy
* https://arzuw.news/prezident-turkmenistana-peredal-skakuna-hankervena-serdaru-berdymuhamedovu
Şeýle hem okaň:
* https://ashgabat.in/2021/01/26/mert-yigitden-mert-dogar/
[1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. 24-nji sahypa
[2] Köňül nagyşlary. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 14-nji, 17-nji, 25-nji, 50-nji sahypalar
[3] Meredow A. Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi. II bölüm.–Kümmethowuz: „T–Ý“, 1997. 514-nji sahypa
[4] Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2014. 80-nji sahypa
[5] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012 372-nji sahypa
[6] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012 297-nji sahypa
[7] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012 220-nji sahypa
[8] Köňül gözgüsi. Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2014. 80-nji sahypa
[9] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012. 180-nji sah.
[10] Magtymguly. Eserler ýygyndysy I jilt. – A.:Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2012. 276-njy sah.
[11] https://ashgabat.in/2021/01/26/mert-yigitden-mert-dogar/
[12] https://ashgabat.in/2021/01/26/mert-yigitden-mert-dogar/
Teswirler