Sanly ulgamyň ösdürilmeginde bilim derejeleriniň ýokarlandyrylmagy

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde döwrebaplaşdyrylmagy döwrüň talabydyr.

Sanly bilim ulgamy sanly ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölekleriniň biri bolmak bilen, munuň netijesinde wagty netijeli ullanmak, işleriň alnyp barlyşyny çaltlandyrmak, hereket edýänleri we täze tehnologiýalary döwrebap kämilleşdirmek we ösdürmek hem-de bu babatda talyp ýaşlaryň we professor-mugallymlaryň hem-de bu ugurlarda bilimlerini artdyrýan hünärmenleriň ukyp başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bilim ulgamynda täze innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň barşynda bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendirýän, öňdebaryjy döwrebap tehnologiýalara daýanýan milli bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň strategik ugrudyr.                                   

Türkmenistanda ylymly-bilimli, sagdyn talyp ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş intitutynda hem sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, institutyň çäginde döwrebap bilim portalynyň herekete girizilmegi professor-mugallymlaryň sanly bilim bermek babatyndaky mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy. Sanly bilimiň ösdürilmegine berilýän ünsiň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagyna we durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlary esasynda 2017-nji ýylda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we 2018-nji ýylda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” tassyklandy.

Şuňa laýyklykda ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegiň konsepsiýasy hem halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähimýete eýe bolup durýar. Ol, maglumatly sanly bilim gurşawynyň döredilmegine, sanly bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de sanly bilim berilmeginiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. 

Sanly bilim ulgamynda halkara tejribelerini öwrenmek we olary durmuşa ornaşdyrmak wezipesi hem wajyp ugurlaryň biridir.                                                                                                                                       

Häzirki wagtda ylym-bilim, döwrebap ösen innowasion tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp başarnygyny açyp görkezilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, talyp ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça işlere giňden çekmegiň, bu ugurda ýurdumyzyň bilim ulgamynda onuň kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagy zerurdyr.

Şu nukdaýnazaryndan ugur alnyp, talyp ýaşlary döwrebap okatmakda, olaryň gelejekde öz işleriniň hünär ussatlary bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan aýratyn aladalar edilýär we döwrebap bilimler berilýär.

Güljan Ataýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy 

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok