Welosipedli gezelenç – sagdynlyk hem-de gözellik

Ýadyňyza düşýän bolsa, çagalyk döwrümizde biziň ählimiz howluda dynman pedaly aýlap kowalaşmagy gowy görýärdik. Emma welin, biz ulalyp iki tigirli dostumyza has az wagt tapýarys hem-de welosipedli gezelençleriň nähili derejede ýetmezçilik edýänligi barada pikir hem etmeýäris. Işden ýa-da okuwdan öýe gelip, biz ýadaw ýagdaýymyzda kompýuteriň ýa-da telewizoryň öňüne geçýäris. Sebäbi biz bu dynç aldygymyz diýip hasap edýäris. Ýöne welin gyzaryp giden gözler we köplenç bolýan ukusyzlyk biziň bir zady ýalňyş edýänligimizi duýdurýär. Belki, öýlänki dynç almaklygyň başga bir görnüşini gözlemeklik gerekdir – mysal üçin welosipedli gezelenç.

Biziň häzirki çalt depginli durmuşymyzda welosipediň peýdasy örän uludyr. Sport harytlaryny öndürmeklik bilen meşgullanýan müňlerçe iri kompaniýalar öz müşderilerini dürli görnüşli welotrenažorlar bilen üpjün edýärler. Käbir adam olarda fitnes merkezlerinde meşgullanýarlar, käbirleri bolsa, olary öýlerinde edinmeklige gyssanýarlar, emma şonda-da iň gowy welotrenažor hem arassa howada hakyky welosipedli gezelenjiň deregini tutup bilmez. Seredäýmäge tapawudy ýok ýalydyr. Emma saçyňy ýeliň oýnamagy, asmanda uçup ýören guşlar, arassa howa – diňe şularyň özi hem eýýäm şähdiňi açýar we pozitiw energiýany berýär hem-de uzynly gün ýylgyryp gezmeklige sebäp döredýär. 

Welosipediň peýdasy barada birnäçe ýazylan kitaplar we makalalar bar, sebäbi biziň häzirki döwrümizde sport bilen meşgullanmaklyk hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmaklyk diňe bir peýdaly bolman, eýsem bu nusga ýa-da görnüklilik hasaplanýar. Welosipediň peýdasy barada dynman aýdyp oturmak bolar, sebäbi biziň saglygymyza berýän peýdasyndan başga hem, bu ekologik taýdan iň bir arassa ulagdyr. Siz daşky gurşawy hapalamaýarsyňyz, siziň iki tigirli dostuňyzyň gurnalmagy üçin bolsa awtoulagy döretmeklik üçin ulanylýan energiýanyň diňe 5 göterimini sarp edilýär.

Serdar Baýsähetow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok