Sanly ykdysadyýetiň gözbaşy

Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-ti paýtagtyň aragatnaşyk ulgamynda optiki geçirijileri ulanmak bilen häzirki zaman GPON tehnologiýasyny ornaşdyrmagy ýaýbaňlandyrýar.

Aragatnaşyk hyzmatlarynyň häzirki zaman dünýä bazarynda optiki-süýümli geçirijileri ulanmagyň ähli tarapdan öz ygytybarlygy bilen tapawutlanýar. Gazylyp alynýan tebigy gorlaryň hataryna girýän mis we beýleki metal geçirijili kabelleriň ornuna daşarky täsir ediji päsgelçiliklere durnukly, maglumat geçirijiligi we hiliniň has ýokary, elektrik energiýasyny sarp etmekde tygşytly we şol bir wagtda tehniki taýdan hyzmat etmekde has oňaýly bolan optiki-süýümli kabeller giňden ulanylýar.

Häzirki zamanda durmuşyň ähli ugurlarynda esasy ulanyş zerurlyklaryň birine öwrülen, maglumat alyş-çalyşygyny üpjün etmek üçin ulag gurşawy hökmünde optiki süýümi kabelleri hemme taraplaýyn ulanmak iň amatly usul bolup, müşderiler tarapyndan göwrüme we ýokary maglumat geçiriş tizligine barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. GPON tehnologiýasy, ýagny Gigabit passive optical network, aragatnaşyk beketlerinden müşderiniň öýüne barýan ugurda sandan çykmagy bilen tehniki bökdençlik döredip biljek goşmaça elektrik iýmitlendiriş çeşmeleri bolmadyk passiw optiki ulgamlary gurmak «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan gelejekde şäher içi paýlaýyş aragatnaşyk torlaryny gurmagyň ileri tutulýan tilsimatlarynyň birine öwrüldi.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti ak mermerli-Aşgabadyň telefon ulgamynda, müşderileri ýokary hilli häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek wezipesini üstünlikli we jogapkärçilikli ýerine ýetirmek maksady bilen GPON optiki-süýümli ulgamlary gurmagyň gerimini giňeldýär.

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan müşderilere amala aşyrylýan hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen täze, häzirki zaman tehnologiýalary özleşdirýär. Paýtagtymyzyň Parahat -7/3 ýaşaýyş toplumynda gurnalyp işe girizilen GPON (Gigabit Passive Optical Network) FTTH taslamasy, her bir müşderiniň öýüne çenli optiki kabeli çekmilmegini üpjün etdi. Netijede adaty mis kabellerde ýüze çykýan elektromagnit päsgelçilikler aradan aýrylyp, geçirilýän signallaryň hil derejesiniň has ýokarlanmagy gazanyldy.

Häzirki wagtda, ýene-de 5 000 nokatlyk GPON usully optiki aragatnaşyk ulgamy üçin enjamlar toplumyny getirmek barada «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti we daşary ýurt önüm öndüriji bilen şertnama baglaşmagyň üstünde işler geçirilýär. GPON tehnologiýasyny ulanmak bilen müşderilere aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek dünýä telekommunikasiýa ulgamynda iri aragatnaşyk operatorlar tarapyndan häzirki wagtda iň bir giňden üns berilýän tilsimatlaryň biri bolup durýar. Bu GPON aragatnaşyk ulgamynyň her bir öýde gurnalan ONT terminallary arkaly müşderä bir wagtda üç sany esasy telekommunikasiýa hyzmatlary – telefoniýa, Internet we IP telewideniýe ýokary hilde amala aşyrylar.

Häzirki wagtda «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan GPON aragatnaşyk ulgamy paýtagtymyzyň 11-nji kiçi etrapçasynyň çäklerini doly üpjün etmek bilen jemi 136 sany köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda, şeýle hem Bitarap Türkmenistan şaýolynyň Gurbansoltan eje şa ýoly bilen tonnel arkaly kesişýän ýerinden demirgazyk tapapyndaky, Bitarap Türkmenistan şaýolynyň iki ugry boýunça ýerleşýän 59 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda gurnamaklyga girişildi. Ýakyn günlerde, agazalan ýerlerdäki ýaşaýyş jaýlarynda gurnalan ONT terminallary arkaly müşderä bir wagtda üç sany esasy telekommunikasiýa hyzmatlary – telefoniýa, Internet we IP telewideniýe ýokary hilde amala aşyrylar.

Ýeri gelende aýtsak, Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Çoganly ýaşaýyş toplumynda dabaraly açylyp ulanylyşa tabşyrylan 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary hem GPON tehnologiýasy arkaly ähli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün edildi. Häzirki wagtda şeýle tilsimatly ulgamlar paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş we 16-njy tapgyra degişli bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda üstünlikli ulanylýar.

Wepa Iljanow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok