“Aşgabat dokma toplumy” 14 ýyl bäri ýokary hilli dokma önümlerini dünýä bazarlaryna hödürleýär

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli köpugurly sergi geçirildi. Bu sergi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Söwda-senagat edarasy, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurnamagy tarapyndan geçirildi. Serginiň maksady – dürli önümleriň we eksport harytlarynyň hasabyna Türkmenistanyň söwda toplumynyň gazananlaryny hödürlemekden ybarat. Bu giň mümkinçiliklerden peýdalanýan türkmen telekeçileri bolsa dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary hilli hem-de amatly harytlarynyň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýup, eziz Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

“Aşgabat dokma toplumy” 2007-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi. Aşgabat dokma toplumy açylyp ulanylmaga berilen ýylyndan başlap sütükli we mata önümleriniň köp dürli görnüşlerini hödürleýär. Şeýle hem, 2013-nji ýylda toplumyň 2-nji nobaty işe girizildi. “Aşgabadyň Dokma Toplumy” Germaniýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň we Ýaponiýanyň iň täze tehnologik enjamlary bilen gurnalan bolup, bu toplum islendik müşderiniň islegdir-talaplaryny doly kanagatlandyrmaga ukyplydyr.

Mundan başga-da, bu Dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Annajahan Ildekowanyň gürrüň bermegine görä, kärhanada Aziýanyň merjeni bolan gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýyna uly taýýarlyk görülipdir. Kärhananyň açylan ýylyndan başlap sütükli matalaryň dürli görnüşleri hammam donlar, el çalgyçlar, süpürgiçler ýaly önümleri öndürilýär. 2-nji nobatynyň işe girizilmegi bilen öň sütükli matalar öndürilýän bolsa indi nah matalar hem öndürilip başlandy. Olar jana ýakymly ýorgan-düşek toplumlary, saten, ramfort ýaly birnäçe nah matalary bulardan başga-da, gelin-gyzlarymyz üçin niýetlenen ştapeller hem öndürilip başlanýar. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen sergide görkezilen önümleri özüniň ýakymlylygy, ýumşaklygy, rahatlygy bilen tapawutlanýar. Kärhana geljekde hem öz önümleri bilen halkymyzyň isleglerini kanagatlandyryp, gerimini giňeltmegi, şeýle hem milli türkmen önümlerini Ýewropa döwletlerine eksport etmegi göz öňünde tutulýar.

Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok