«Aşgabat-siti» – geljegiň akylly şäheri

Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy bolupdy.

Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde guruljak ajaýyp binalar we desgalar toplumynyň umumy meýdany 744 gektar bolup, bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Ol binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alar.

Bu ýerde etrap häkimliginiňdir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.

Şeýle hem bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu ýerde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär.

Bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolar. Ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler.

Bulardan başga-da, çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Aşgabadyň ekologiýasy, ony bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawyň täsirini gowulandyrmagyň has kämil gurallaryny we usullaryny, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, serişdeleri hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilmelidir — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Gözel HOJAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok