Sanly ulgamda maglumat portallarynyň ýeten sepgitleri

Sanly ulgama “Internet arkaly amala aşyrylýan sanly ulgam” diýlip hem düşünilýär, şeýle-de innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgam, dünýä jemgyýetçiliginde döwrebap emele getirilen strategik ulgamdyr.

     Döwrebap ösen innowasion sanly ulgamyň ösýän, kämilleşýän döwründe, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklyga döwlet derejesinde aýratyn ünsiň berilmegi netijesinde, bu ugruň hukuk binýady hem yzygiderli esasda ösýär, özgerýär.

      Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden kararlaryna laýyklykda 2017-nji ýylda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, 2018-nji ýylda “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de 2020-nji ýylda “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020–2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” tassyklandy.

     Kabul edilen Konsepsiýalaryň we Maksatnamanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda ýokary hilli elektron  maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanmakdan we hilini ýokarlandyrmakdan hem-de okatmagyň, öwretmegiň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

     Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

      Şeýle hem, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden kararyna laýyklykda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy” tassyklandy.

     Sanly elektron ulgamdaky okuw-usuly toplum, bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Bu okuw-usuly toplumyna elektron görnüşli okuw kitaplary, gündelik durmuşda söýlüp okalýan sanly elektron görnüşinde ýola goýlan gazetlerdir, žurnallar degişli bolup durýar. Muňa mysal hökmünde, “InAshgabat” web portal sanly ulgamyňdöredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

     “InAshgabat” web portal sanly ulgamy gündelik ýurdumyzda bolup geçýän günüň wakalaryny, esasy habarlary, afişa, bilim, gyzykly maglumatlary, jemgyýet, kanunçylyk baradaky habarlary, kyssalary, medeniýet, sport, syýasat, tebigat, oba hojalyk, saglyk, söwda we maliýe, ykdysadyýet baradaky täzelikleri we makalalary, tehnologiýa we transport bilen bagly bolup geçýan gyzykly maglumatlary hem-de habarlary  beýan edýän döwrebap döredilen web portal sanly ulgamdyr.

     Ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140-ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzda hereket edýän web saýtlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde hem “InAshgabat” web portaly baýrakly orunlaryň birine mynasyp boldy we ony “Ýylyň iň gowy internet web saýty” bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.

      “InAshgabat” web portal sanly ulgamda çap edilýän habarlardyr täzelikler, makalalardyr gyzykly maglumatlar ýurdumyzyň raýatlarynyň, has dogrusy ýaşlaryň sport älemindäki gyzyklandyrýan maglumatlarynyň elektron sanly ulgamyň üsti bilen tanyşyp durmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

       Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň aň düşünjeli, dörediji bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr.

      Ýaşlaryň sanly ulgamda halkara tejribesini öwrenmek we ony durmuşa ornaşdyrmak wezipesi wajyp ugurlaryň hatarynda durýar.                                                                                                                                       

     “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda  ýaşlary döwrebap okatmakda, olaryň gelejekde öz işleriniň hünär ussatlary bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan aýratyn edilýän aladalary üçin  hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

     Goý, onuň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn! 

Nurmuhammet Allanurow 
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň

Ykdysadyýet fakultetiniň uly mugallymy 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok