Dil – medeniýetleriň köprüsi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­» we şol ýylyň 22-nji dekabrynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Häzirki wagtda «Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylşynyň häzirki ýagdaýy», «Konsepsiýanyň maksady we wezipeleri», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary», «Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary», «Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk», «Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary», «Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek», «Konsepsiýany durmuşa geçirmekde garaşylýan netijeler» diýen ýaly sekiz bapdan ybarat bolan bu Konsepsiýany ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirmeklik babatynda diýseň uly işler amala aşyrylýar. 

Häzirki wagtda daşary ýurt dilini öwretmeklik we öwrenmeklik üçin döredilen sanly gurallaryň aýratynlyklaryna baha berenimizde, olar 6 kategoriýa bölünýär:

  1. Dil öwretmeklik we öwrenmeklik üçin niýetlenilen programmalary;
  2. Dil öwretmeklik we öwrenmeklik üçin niýetlenilen oýun programmalary;
  3. Söz öwretmeklik we öwrenmeklik üçin niýetlenilen programmalary;
  4. Ussatlygyňy ösdürmeklik üçin niýetlenilen tejribe programmalary;
  5. Wirtual hakykat programmalary;
  6. Dil terjime programmalary.

Daşary ýurt dilini sanly usulda öwrenmeklikde ygtybarly gollanma bolýan, bu alty programma her bir öwrenijiniň ussatlygynyň artmagyna we kämilleşmegine ýakyndan ýardam berýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, türkmen ýaşlary häzirki zaman biliminiň döwrebap ösen, iň kämil derejesine – sanly ulgam usulyna laýyklykda halkara dillerini suwara öwrenýärler.

Ýulduz SAPARBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok