Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we abadançylygyň daýanjy (dowamy)

Häzirki döwürde dünýä halklary uruşlaryn, gapma-garşylyklaryn, terrrorçylygyň bolmazlygyny, yer yüzünde parahatçylygyň, asudalygyň, dostlugyň we ylalaşygyň dabaralanmagyny isleýär. Hut şonun üçin hem dünýä döwletleriniň hoşniyetli adamlary yer yüzünde parahatçylygyň. ylalaşygyň bolmagyny we dostlugyń pajarlamagyny esasy ugur edinýär Şunun bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, parahatçylyk dörediji yörelgeleri goldamak işinde halkara bileleşigine hemişe yardam bermäge taýýardyr.

BMG-nin Merkezi Aziýa sebitine parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde Türkmenistan hemişelik bitaraplyk konsepsiýasyny iş yüzünde üstünlikli durmuşa geçirmekde BMG bilen uzakmöhletleyin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiyet berýär.

25 ýyl gojaman ýurdumyzyň taryhy üçin az pursat: Yöne su geçen ýyllaryň Türkmenistanyň özüniň syýasy ugruna ygrarlydygyny dünýä äşgär edýän ähmiyetli wakalara beslendi. Şeylelikde, ýurdumyz häzirki zamanyň möhüm we durmuş ähmiyetli meselelerini çözmekde Milletler Bileleşiginiň oňyn parahat söyüjilik yörelgelerini goldayan döwletleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy.

Türkmen bitaraplygy densiz-taýsyz dereje bolup durýar. Çünki ol döwletiň özbaşdak we hoşniýetli erkine laýyklykda saýlan ýolunyň anyk netijesidir. Häzirki döwürde ýurdumyz özüniň bitaraplyk yörelgesi bilen adamzat medeniyetiniň ösünine özboluşly hyzmatdaşlyk yörelgelerini goşdy.

Şu ýyllaryň dowamynda türkmen döwleti öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny anyk işleri bilen subut etdi we mün ýyllyklaryň dowamynda toplan oňyn tejribesini ählumumy parahatçylygyň we durnukly Osüşın bähbidine gönükdirýär.

bitaraplygynyň ähmiyeti barada köp köp meseleler yüze çykypdy. Munuň

özi ýurdumyzyň önünde durýan maksatlary amal etmekde amatly daşary syýasat şertlerini üpjün etmeyin, bäzirki Türkmenistanyň gurluşyny we Ösüşini berkitmegiň, ykdysady, durmuş hem-de medeni wezipeleri çözmegin wajyp guralyna öwrüldi.

Birleşen Milletler Guramasy üçin bolsa, Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi beýleki birnäçe möhüm ugurlary öz içine aldy. Ýurdumyzyň ähli tagallalaryny gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, bar bolan jedelli meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda BMG bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýarlygyndan ybaratdyr.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň täjik gapma-garşylyklaryny kadalaşdyrmakda möhüm orun eýeländigini, goňşy Owganystana ynsanperwer we ykdysady kömek bermäge mynasyp goșant goşandygyny bellemeli. Munun özi bitaraplygyň anyk netijeleri diyip, doly aytmaga esas berýär.

Türkmenistan BMG-niň degişli Rezolyusiyalarynyň kadalaryny yzgiderli durmuşa geçirýär we sebitdäki yaydayyň kadalaşdyrylmagy boyunca anyk çäreleri amala așyrýar. Şunlukda, ýurdumyz Merkezi Aziýada Milletler Bileleşiginiň ýörelgeleriniň we maksatlarynyň ygtybarly guramaçysyna öwrülýär.

2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alys diplomatiyasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we sazlaşykly ösdürilýän hyzmatdaşlygynda täze tapgyra öwrüldi. Bu Merkeziň işi Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygyň saklanmagyna hem-de netijeli özara gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.

Bitaraplyk yörelgeleri amala așrylýan ýyllar sebitde we onun çäklerinden daşynda ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyn hereketlendiriji güýjüne öwrülýän Türkmenistanyn parahatçylyk söyüjilik syýasatyny durmuşa geçirmekde ägirt uly üstünliklere beslendi.

Ýurdumyzyň saýlap alan bitaraplyk yörelgesi durnuklaşdyryjy we umuman, SSSR-iň ýykylmagy we Türkmenistanyň assosirlenen agza hökmünde durýan GDA-nyň döremegi bilen dünýä bileleşigi üçin çylsyrymly ýagdaýlarda oňyn ugry kesgitleýän derejä öwrüldi.

       Türkmenistan GDA ýurtlarynyň gatnaşyan meselelerinde oňyn orny eyelemek bilen, Arkalaşygyň esasy işini we onuň ugurlaryny kesgitleýän halkara şertnamalaryna işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan bitaraplyk derejesini dünýä bileleşiginiň goldaw bermeginde kabul etdi. Şol döwürde Türkmenistanyň hiç bir babatda daşary gatnaşyklary amala așyrmagy bilen baglanysykly birnäçe taglymlar döredi. Yöne oňyn bitaraplygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň payhasly yolbaşçylygynda ýurdumyz özünin hoşniyetli daşary syyasaty bilen açykdygyny dünýä äşgär etdi.

Halkara işlerinde bar bolan jedelli meseleleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge goldaw bermek Türkmenistanyň üýtgewsiz ýörelgesi bolup durýar. Şeylelikde, ýurdumyzyň adalatly we parahatçylyk döredijilikli yörelgeleri häzirki döwürde ählumumy ykrarnama we hormata mynasyp bolar. Hormatly Prezidentimiziň “Bähbitleriň köpdürlüligi-maksatlaryň birligi!” diyen şygary ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüși üpjün etmek boýunça halkara tagallalary utgaşdyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny kesgitledi.

Türkmenistanyň geografiki we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi onun bitarap, parahatçylyk söyüjiik döwlet hökmünde eyeleýän orny Gündogar bilen Günbataryň arasynda ähmiyetli merkez hökmünde ykrar edilmegini şertlendirdi. Türkmenistan häzirki döwürde syýasy, ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlyk, terrorçylyga garşy göreș ýaly meseleler boýunça köptaraply gatnaşyklary ýola goýýar. Şeyle hem ýurdumyz BMG, ÝHHG, SHG we YHG ýaly halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlyygyny ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara maslahatlaryny we bu ugur boýunça forumlary geçirmegiň ägirt uly ähmiyetiniň bardygyny belleýär. Çünki Bitaraplyk munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy we medeni ugurlary özünde jemleýän janly we dörediji güýçdir. Hut şonun üçin hem bu mesele boýunça geçirilýän halkara maslahatlarynyň dowamynda bitaraplygyň täze mümkinçilikleri açylyar we dürli yurtlaryň wekillerinin arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň tejribeleri baýlaşdyrylýar.

Şeýle hem halkara forumlarynyň bilim ulgamyny ösdürmek babatda hem ähmiyetlidigini bellemeli. Şeýle forumlaryň maglumatlary okuw gollanmalaryna girizilip, olary geljekki diplomatlar, ykdysatçylar, hukukçylar, žurnalistler bolan ýurdumyzyň talyplary içgin öwrenerler.

Milli Liderimiziň Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk yörelgelerinden gözbaş alyan döwlet syýasatyna, bilim we ýaşlar syýasatyna, amala asyrýan düýpli özgertmelerine laýyklykda geljegimiz bolan yaş neslin döwrebap bilim almagy, bedenterbiye we sport bilen meşgullanmagy, watansöyüjiligiň we ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiyelenmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy, şeýle hem ýaşlarymyzyň alan hünär bilimleridir tejribeleriniň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär.

Bilim we ylym edep-ekram düşünjeleri ynsanyň iň gowy gylykhäsiyetlerini, belent adamkärçiligini, ahlak sypatlaryny özünde jemleýär hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunyny kesgitleýär. Bu nukdaynazardan ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, okuw-terbiyeçilik işleriniň esaslary, wezipeleri, görnüşleri, usullary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Maşgala, bilim ojaklarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ykdysadyýetimizin beýleki pudaklary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem döwrebaplaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmäge we işe ornașdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Taryhy nukdaynazardan we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryndan nazar alanyňda, türkmen bitaraplygy özüniň mazmuny boýunça Türkmenistanyň içeri syýasatynda we dünya ginişliginde uly üstunliklere beslenýän başlangyçlarynyň özboluşly ykrarnamasy bolup durýar.

Halkara gatnaşyklary ulgamynda çylsyrymly meseleleri çözmekde şunuň ýaly köpugurly guralyň emele gelmegi dünýä gurluşynyň täze düýpli binýatlarynyň emele gelmegini, üçünji müňýyllygyň başlarynda adamzadyň öňünde örboýuna galan möhüm wezipeleri çözmäge bolan bähbitli çemeleşmeleri şertlendirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleyasynyň 73-nji mejlisinin 106-njy plenar maslahatynda hormatly Prezidentimizin başlangyny boýunça “2021-nji ýyly-Halkara pahahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip yglan etmek hakynda Rezolyusiyanyň kabul edilmegi tutuş dünýäde milli Liderimiziň parahatçlygy we dostlugy berkitmäge gönükdirilen tagallalarynyň ykrar edilýändiniň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

        Milli Liderimiziň öne süren bu başlangyjynyň iş yüzünde durmuşa geçirilmegi gapma-garşylygy peseltmek, çylşyrymly meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomtik ýollar arkaly kadalaşdyrmak, ynanyşmagy, özara düşünişmegi ösdürmek we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak maksady bilen, ýola goýulýan halkara gatnaşyklara kuwwatly itergi berer.

Türkmenistanyň Bitaraplygy-munuň özi häzirki döwrüň we biziň geljegimiziň şamçyrag ýaly anyk ugur görkeziji bolup duryar. Onda ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we mazmunyny baýlaşdyrmak, döwletimizde yaş nesiller üçın döredilýän giň mümkinçilikler, eziz Watanymyzyň geljekki ösüșini üpjün etmekde ylymly, bilimli, giň dünýägaraýysly, ýokary medeniyetli sagdyn nesli kemala getirmek boýunça kabul eden maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, yaşlarda Garaşsyz, hemişelik Birarap döwletimize beyik buýsanjy we çuňňur söygüni ösdürmek maksady bilen, bizin institutymyzda hem Bitaraplyk derejesinin Diyarymyzyň gülläp ösmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagynda eyeleýän orny barada giň düşündiriş we wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.

Ogultäç Ballyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok