Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we abadançylygyň daýanjy

25 ýyl mundan ozal, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky yörite Rezolýusiýasy kabul edildi. Munuň özi türkmen döwletiniň parahatçylyk söyüjilik daşary syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu şanly sene ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda ählumumy ähmiýete eýe bolup, ol tutuş adamzadyň täze taryhyna aýgyň sahypa hökmünde hemişelik ýazyldy.

Şol döwürden bäri özüniň bitaraplyk derejesine ygrarly bolan Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söyüjilik we hoşniyetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürip gelýär. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesi sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýadyna öwrüldi. Bu bolsa, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda oňyn daşary syýasaty alyp barýan ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirdi.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini gaytadan ykrar etmek hakyndaky Rezolyusiýany kabul etmegi döwletimiziň abraýyny has-da artdyrdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny amala așyrýan Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy berkarar etmekde eyeleýän ornunyň ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip resmi taýdan yglan edýän Rezolyusiyany kabul etdi. Bu bolsa milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlaryň giň goldawa eye bolýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 25 yyllyk senesini uly buýsanç duýgusy hem-de ruhy yokary göteriliş bilen giňden dabaralandyrýar.

Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar. Bu bolsa Türkmenistanyň ähliumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Bitaraplyk güni Türkmenistan üçin edil Garaşsyzlyk güni ýaly ahmiýetli milli bayramçylyklaryň biri bolup durýar. Syýasy, ykdysady, hukuk we durmuş yörelgeleri babatda nazar salanyňda, çäryek asyr mundan ozal kabul edilen çözgüt diñe bir ýurdumyz üçin däl, eysem, tutuş sebit üçin taryhy hem-de ähmiyetli waka boldy.

Ýurdumyzyň bitaraplyk derejesiniň dünýä bileşiginde milli ösüşini ykrar etmekde ähmiyetli dereje bolup durýandygyny bellemeli. Bitaraplyk derejesi Türkmenistan üçin diñe bir halkara resminamasynda kesgitlenen tapgyr bolman, eysem, ol ösüşi yzygiderli dowam edýän köpugurly ynsanperwerlik yörelgesidir.

Türkmen bitaraplygy halkymyz üçin aýratyn gymmatly hasaplanylýar. Çünki ol haýsydyr bir syýasy bileleşigiň öňe süren taglymaty bolman, eysem, häzirki zaman dünýägarayşynyň we halkymyzyň döreden köpasyrlyk yörelgesiniň özboluşly sazlaşygydyr.

Hemmeler bilen hoşniyetli gatnaşykda bolmak, dostanalyk, gonşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetler türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolan yörelgelerdir. Hut şonun üçin hem ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eye bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol türkmen halkyny daşky dünýä üçin has düşnükli we açyk görkezýär.

Adam hukuklaryny ösdürmek boýunça borçnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň içerki syýasaty üçin bitaraplyk derejesiniň täsirli bolmagyny şertlendirdi. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen adam hukuklary babatda Bitarap Türkmenistanyň halkara borçnamalara hakynda Jarnama laýyklykda ýurdumyz halkara bileleşiginiň önünde bu ugurda goşmaça borçnamalary öz üstüne aldy. Şeýlelikde, ýurdumyz Merkezi Aziýa döwletleriniň hatarynda ilkinji bolup ölüm jezasyna moratoriý girizdi we bu jeza çäresini hemişelik ret etdi. Häzirki döwürde Türkmenistanda demokratik ösüş we adam hukuklaryny goramak institutlary ýurdumyzyň kabul eden borçnamalaryna laýyklykdayzygiderli ösdürilýär.

Milli ykdysady ösüşiň wezipelerini has doly ýerine ýetirmek mümkinçiligi bitaraplyk syýasatynyň ýene bir ugruna öwrüldi.

Ykdysady-hukuk nukday nazaryndan bitaraplyk türkmen topragynyn baýlyklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika serişdelerini dünya bazarynda çykarmak babatda möhüm ykdysady taslamalary işläp taýýarlamaga daşary ýurt maýalaryny çekmegiň wajyp guraly bolup durýar.

Hemişelik bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan öz borçnamalaryny yzygiderli we birkemsiz berjay edýär. Dünýä bileleşiginin doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan özüniň Baş Kanunynda berkidilen umumy ykrar edilen halkara hukuklaryny goldaýar. Ýurdumyz daşary syýasatynda bolsa beýleki döwletleriň içki işine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk, harby toplumlara we birleşiklere goşulyşmazlyk ýaly ýörelgelere ygrarly bolup, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylyk söyüjilik, dostluk, birek-birege hormat goymak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary saklayar.

(1-nji bölümi)

Ogultäç Ballyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok