Gepleşigiň nobatdaky sany sanly ulgama we ýaşlar syýasatyna bagyşlandy

“Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynda “Arkadagly ýurdyň telekeçileri” atly gepleşigi bu gezekki​ sanynda sanly ulgama geçmek barada, ýaşlary telekeçiler çekmek barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Sanly ulgama geçmek barada Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň depginine Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem öz mynasyp goşantlaryny goşýar.

IT kompaniýalary köpelýär

Häzirki döwürde IT hyzmatlaryny hödürleýän türkmen telekeçileriniň, hususy kärhanalarynyň sany artýar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan berilýän ygtyýarnama esasynda bu IT kompaniýalary döwletiň hem-de hususy eýeçilige degişli edaralaryň maglumat ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Döwlet edaralarynda raýatlara berilýän hyzmatyň hilini, tizligini, aňsatlygy ýola goýmak ýaly işler bilen bir hatarda, içerki resminama dolanşygyny üpjün edýän programmalary hem işläp taýýarlaýarlar.

Türkmen programmistleriniň​ işläp taýýarlan programmalaryny häzirki wagtda durmuşymyzyň köp bölegini gurşap aldy. Otly we uçar peteklerini onlaýn sargamak, gündelik zerurlyklar üçin hasaplaşyklyklar​ üçin mobil goşundylar, e​-banking hyzmatlary, onlaýn nobata durmak hyzmatlary bulardan diňe käbirleri.

Tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp müşderilere we raýatlara berilýän hyzmatlaryň hilini artdyrmak, gündelik işleri ýeňilleşdirmek döwrüň talaby bolup durýar. Şeýle-de kärhananyň ýa-da edaranyň içerki resminama dolanşygy we hasabatlarynyň wagty wagtynda taýýarlanylmagy üçin örän oňaýly gural bolup hyzmat berýär. Sanly ulgam diňe bir döwlet edaralarynda ulanylman, hususy eýeçilige degişli kärhanalar hem öz işlerinde giň gerimli alyp barmaga goldaw berýär​. Mysal üçin önümçilik edýän kärhanalar awtomatlaşdyrylan ulgamlarda önümçilik kuwwatyny, sarpedilýän​ çygmal​ we resurslaryň hasabatyny, ýa-da gurluşyk kärhanasynyň öz alyp barýan işleriniň, gurýan desgalarynyň soňky ýagdaýlaryny, sarpedilen​ materiallaryň hasabyny ýöretmäge mümkinçilik döredýär.

Ýaşlaryň taslamalary höweslendirilýär

Soňky ýyllarda ýaşlary ylyma-bilime, tehnologiýa höweslendirmek maksady bilen giň gerimli işler alyp barylýar. Beýleki okuw jaýlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika instituty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ýaş alymlar geňeşi”, “Sanly çözgüt” hojalyk jemgyýeti bu maksada hyzmat edýär. Ýaş oýlap tapyjylaryň sergilerine TSTP​-nyň wekilleri, mejlisiň agzalary, telekeçiler hem syn etmäge gatnaşýarlar. Öňe saýlanan taslamalar bellige alynýar we partiýanyň meýilnamalaryna gatnaşmaga çagyrylýar.

Şeýle-de TSTP​-nyň Merkezi Geňeşi ýylyň dowamynda birnäçe gezek ýaşlaryň oýlap tapmalaryny, taslamalaryny start-up​ ýagdaýyna getirmäge goldaw berýär. Munuň üçin ýörite maýa goýum taslamalarynyň duşuşyklary geçirilýär. Duşuşykda talyp ýaşlar öz taslamalary, ideýalary bilen bilermen toparyň öňünde çykyş edýär. Bilermenler gerekli maslahatlary berip, makul görülen taslamalara hemaýatkärler bilen tanyşdyrylýar.

Mundan başga-da TSTP​-nyň Aşgabat şäher komiteti paýtagtdaky ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar, telekeçiler bilen duşuşyklary, maslahatlary yzgiderli geçirýär. TDIM​-nyň Halkara gatnaşyklary instituty, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag komunikasiýalar​ instituty, Ýagşygeldi​ Kakaýew​ adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde bu ýygy-ýygydan duşuşyklar, maslahatlar geçirilýär.

Ökde hünärmenler we watansöýer ýaşlar ýetişdirilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ähli alyp barýan işleri bilen bir hatarda raýatlaryň, ýaşlaryň kämil şahsyýetlerini kemala getirmeklerine gönükdirilen wagyz-nesihat işleri hem alnyp barylýar. Döwrüň ösüşine aýakdaş bolmak bilen bir hatarda medeni mirasa eýe çykmak, ata-babalardan galan däp-dessurlary amal etmek, ynsanperwerlik ýörelgelerini dowam etdirmek bilen baglanşykly düşünjeler jemgyýetiň dürli hünärlerde zähmet çekýän wekillerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasaty hem ynsanperwerligi ilkinji orunda goýýar. Muňa goňşy we doganlyk döwletlere ugradylýan ynsanperwer ýardamlary hem aýdyp bolar.

Türkmenistanyň Milli Lideriniň “Döwlet – adam üçindir!” diýen sözi, ýurtda alnyp barylýan ähli işlerde esasy ýörelge bolup durýar. Ýagny ösüşler, özgerişler adamzadyň bähbidine gönükdirilende maksadalaýyk bolýar.

Telekeçiler partiýasynyň Türkmenistanda hereket edýän beýleki pudak edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky bilim edaralary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Zenanlar birleşmesi, Kärdeşler arkaşylygy​ hem-de Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen Aşgabat şäheriniň orta we orta hünär mekdeplerinde wagyz nesihat çäreleri, bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary geçirýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezinde birnäçe gezek hünär tanyşdyryş duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklarda bilermenler tarapyndan innowasiýalar barada çykyşlary, açyk sapaklary boldy. Bularyň arasynda brending​, dizaýn, 3D​ modelirleme​, pedagogika, psihologiýa, telekeçilik, žurnalistika ýaly ugurlarda tejribeli hünärmenler bu açyk sapakda ýaşlara peýdaly maglumatlary ýetirdiler.

Aşgabat şäherindäki birnäçe mekdeplerde okuwçylaryň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşikler geçirildi. Ýeňijiler hormat hatlary we sowgatlar bilen höweslendirildi​.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy resmi websaýty​ ýola goýuldy

Geçen ýylyň ahyrynda partiýanyň resmi web sahypasy işläp başlady. Bu websahypada​ (www.tstp​.gov​.tm) partiýanyň metbugatdaky çykyşlary, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýän çäreleri barada maglumatlar yzgiderli ýerleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredilen gününden bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn daşary we içeri syýasatyny, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek üçin öz öňünde goýlan maksatlary durmuşa geçirmek üçin syýasy we jemgyýetçilik işleriniň toplumyny durmuşa geçirýär.

Merdan Ataýew
TSTP​-nyň Aşgabat şäher komitetiniň
maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok