Döwrüň talabyndan ugur alyp

Türkmenistanda ýaşlaryň sowatly bilim-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ruhy ahlak taýdan sagdyn, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmen ýaşlary häzirki wagtda  ”Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hereket edýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa diýarymyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň has-da kuwwatlanmagyna itergi berýär. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar.   

Sanly bilim ulgamy hakynda gürrüň edenimizde onuň düýp maksadyny hökman nygtamalydyrys. Bilşimiz ýaly, sanly bilim ulgamynyň esasy maksady elektron serişdelerini, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Munuň üçin, ilki bilen, çagalar baglarynda terbiýelenýän orta mekdeplerde okadylýan ýaşlaryň bilimine aýratyn üns berilmegi, ýagny sanlaşdyrmagyň hut şu bilim ojaklaryndan başlanmagy zerurdyr. Şol zerurlyk esasynda häzirki wagtda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça öňde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýete eýedigini nygtaýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän bilim ojaklarynyň täzeden-täze döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, ýaş nesillerimize daşary ýurt dilleriniň hususan-da iňlis, rus, hytaý we ýapon dillerini çuňňur öwredilmegi, sanly bilim ulgamy boýunça dünýä derejesinde bilim berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.                               

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna ünsi çekmek möhümdir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, tapgyrlaýyn amala aşyrylýan çäreler boýunça sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda bolsa sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda talyplara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň degişli hünär ugurlary boýunça ýörite wideo we audio ýazgylar, elektron kitaplar hem-de okuw gollanmalary elektron görnüşde taýýarlanylyp, degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýörite bilim portalynda ýerleşdirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň okuwdan boş wagytlarynda-da özbaşdak ýagdaýda bilim derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Netijede, elektron kitaphanalardan peýdalanmak endigini kemala getirýän ýaşlaryň sany barha artýar.

Bulardan başga-da ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoşekilli okuw sapaklary, teleköprüler guralyp, degişli ugurlar boýunça özara tejribeler alşylýar. Şeýle wideogepleşiklerdir teleköprüler diňe bir öz ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň arasynda guralman, eýsem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary mekdepleriniň professor-mugalymlardyr talyp ýaşlar bilen hem gurnalýar. Döredilýän şeýle şertler ahyrky netijede ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde,  ýurdumyzda ýokary bilimli ýaşlary ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan oňyn işler sanly ykdysadyýet bilen ugurdaşlykda ösdürilýän sanly bilim ulgamynyň netijesidir. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň döwrüň talaplaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň  subutnamasydyr.

.

Gülälek Baýramowa,

Döwletmämet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň
Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok