Maru-Şahu Jahan” gazetiniň 90 ýyllygyna

ebigat täsinlikleriniň naýbaşylarynyň biri-de ýaz pasly bolsa gerek. Çünki, ýaz — zeminiň zynaty. Haçan–da, ülkäme bahar gelse, tebigat täsin gülýaka meňzäp, soltan pasyl bolsa zergär mysaly zemini kümüş suwuna batyryp, altyn suwy berlen nepislige öwürýär goýaýýar. Şol pursat ol gözelligi wasp etmäge sözleriň şasy-da ejiz gelýän ýaly. Göwnüňe, gözüňi dokundurýan gözellikler öwgä mätäç däl ýaly bolýar, olary synlap, lezzet almak we guwanmagyň özi öwginiň ýerini tutjak kämillik bolsa gerek. 
Durmuşda-da Ýaradanyň ýalkawly nazary düşen şeýle ajaýyp adamlar bolýar. Olar hem edil tebigatyň bezegi bolan ýaz paslyna kybapdaş. Aslynda, göwnaçyk, şahandaz, ilhalar adamlary halk arasynda: “Pylany edil ýaz ýaly adam” diýip kesgitleýäris. Ilki ol adamy tanamak ýakymly, soňra tanyşmak, söhbetdeş bolmak, edebe ýugrulan, saýhal bilen bezelen, medeniýetli hereketlerini synlamagyň özi terbiýe mekdebi. Gepi-sözi jaýdar hem maňyzly, perişde pisint, nuranadan gelen, ajaýyp ynsanlardan öwrenjege öwrenere zat juda köp. Ökdeden öwrenmek, ýagşa öýkünmek ynsanyýete mahsus häsiýet.

Ol adamlar nirä barsa baran ýerinde derrew öz barlyklaryny başarnyklary bilen beýan etmegi bilýän beýiklik bolýar-da göze ilip, göwünlerde mesgen edinýärler. Bitiren işlerinden gülüň ysy gelip dur. Elbetde, bu barlykda her kim özünde bar zady berýär. Möwlana Jelaleddin Rumynyň maňyzly sözi bilen aýtsak: “Küýzede näme bar bolsa, pyýala hem şol guýulýar”.

Sözümi okamak, öwrenmek, öz-özüňi kämilleşdirmek baradaky aýdylýan ajaýyplyklar bilen dowam edesim gelýär. Okamaga höwesli bolmak bolsa, öwrenmäge ugrukdyrýan ýolbelet boljak eken. Ozallar gazetdir žurnallarda seýrek gabat gelýän täsin maglumata duşsam, gyrkyp alyp, aýawly saklamaga çalşar ýörerdim we şol täsinlikleriň çap bolýan gazet-žurnallarynyň gelerine howlugardym. Hawa, şeýle ýagdaý soňky döwür ýerli gazetimiz bolan “Maru — şahu jahan” welaýat gazetiniň her sanyny elime alamda ýüze çykýan hadysa boldy. Hatda bu ýagdaý hadysa bolmak bilen galman, asyl, onuň her sanyny çatyp goýmak endigime öwrüläýdi. Sebäbi, gazetiň her sanynda durmuşy öwredýän tymsallar, kämil şahsyýetleriň nusgalyk ömür ýolundan mysallar, dokmaňyz, syntgylanan setirler, kalplary nagyşlap, aýdyma öwrülen şygyrlar, ýadawlygyňy ýadyňdan çykardýan degişmelerdir şorta sözler, atalarymyzdan miras galan aslyňy ýatladyp, asylzadalyga çagyrýan rowaýatlar çakyňdan artyk. Garaz, olary sanasaň sogabyň artjak. Okalýan materiallar ýönekeý bir gazet maglumaty däl-de, hikmetine düşünip, gadyryny bilene durşy bilen gymmatly bir hazyna.

Munuň şeýle bolmagynda bolsa, özüne bildirilen ynamyň mazmunyna doly düşünýän, maňyzly hem tutanýerli galamgärleriň arassa zähmeti, halal yhlasy we kalbynyň urgusynyň ýazga geçen yzlary mese-mälim duýlup duran hakykat. Şeýle kämillikler käşgä has köp bolsady.…

Sözümi “Maru — şahu jahan” gazetiniň zehinli döredijilik işgärleriniň halal zähmetiniň hormatyna kalbymda dörän arzyly alkyşlarym hem çep gursakdan çykýan ganatly dileglerim bilen jemläsim gelýär. Altyn başyňyz aman bolsun, döwletli ojagyňyzda saglyk höküm sürsün we diňe toý gazany atarylsyn, gapyňyz gulp görmesin ylaýym, ömrüňiz zyýat, gadamlaryňyz batly, ýetjek menzilleriňiz mertebeli bolsun!

Ilkinji sanynyň çykyp başlanyna 90 ýyl dolan söýgli gazetimiziň mundan beýläkki ýoly has uly şöhrata beslensin, uzaga gitsin! 

TOGSAN  ÝAŞYŇ  GUTLY  BOLSUN, 
    “MARU — ŞAHU  JAHANYM!” 

Her hepdede üç gün gelip, hal-ahwalym soraşýan,
Togsan ýaşyň gutly bolsun!, «Maru — şahu jahanym!”.
Çyn dostuň men, «geler» diýip, bisabyrja garaşýan,
Togsan ýaşyň gutly bolsun!, «Maru — şahu jahanym!”.

Çaý başynda gürrüň gozgap, şeýle göwnüm göterýäň,
Doganlardan hem dostlardan hoş habarlar getirýäň,
Her mowzukdan söhbet açyp, parz işi bitirýäň,
Togsan ýaşyň gutly bolsun! «Maru — şahu jahanym!”.

Ýagşy söze suwsan çagym, ýetip gelýäň ýanyma,
Dert tapynsam melhem aýdyp, şypa berýäň janyma,
Bir pähimdar dana bolup, ornaşypsyň aňyma,
Togsan ýaşyň gutly bolsun!, «Maru — şahu jahanym!”.

Söýgi hakda söhbediň köp, şonuň üçin juwan sen,
Şu günlere şamçyrag sen, nesillere dowam sen,
Garaşsyzlyk ýoly bilen, baky bagta rowan sen,
Togsan ýaşyň gutly bolsun!, «Maru — şahu jahanym!”.

Düýnüňi taryha öwrüp, 100-e gadam goýupsyň,
Garaşsyzlyk eşretini hemmeden öň duýup sen,
Kä mahal adymy tutup, «pylan şahyr” diýip sen,
Togsan ýaşyň gutly bolsun!, «Maru — şahu jahanym!”.

Beýikler tanalýar pesden, sap-arassa iş bilen,
Ýüz ýaş toýuňa barsam, şu şahyrlyk piş bilen,
Biläý, daşlaşdygym däldir, bir ýazmaça, hoş bilen,
Togsan ýaşyň gutly bolsun!, «Maru — şahu jahanym!”.

Şirin dilli şahyryň köp, «Eý-ho»  diýdiren maňa,
Şolar bilen söhbet gurap, otursam daňdan-daňa,
Bu gönderen, salamlarym, ýetip barsyn-da saňa,
Togsan ýaşyň gutly bolsun!, «Maru — şahu jahanym!”

Parahat Ataýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok