Çomuç

Eziz Diýarymyzyň ösümlik dünýäsi dermanlyk melhemlere iňňän baýlygy bilen tapawutlanýar. Dermanlyk ösümlikleriň mekany bolan mukaddes ene topragymyzda keselleriň öňüni almakda we bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edýän ösümlikleriň ençeme görnüşi bardyr. Olaryň iň naýbaşylarynyň biride gyzgyn Garagumyň jümmüşinde bitýän çomuçdyr. Çomuç gyzgyn çägede boý alyp, tylla Günüň nuryny gyzgyn howanyň demini sorup ulalýar. Çomuç esasan iç kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Çomuç hakynda ata-babalarymyz:
“Çomujy gumuň, dermany emiň” – diýen setirleri hem aýdyp geçipdirler.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem halk lukmançylygyndaky çomujyň görnüşleri hakda giňişleýin maglumatlar berilýär.

Okaraly çomuç saýawanlylar maşgalasyndan bolup, boýy 130-150, kähalatlarda bolsa 200 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Ol aprel aýynyň ikinji ýarymynda gülleýär. Miwesi maý iýun aýlarynda ýetişýär. Günbatar garagumda okaraly çomujyň dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Halk we ylmy lukmançylykda bu ösümlik keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna dermanlyk maksatlary üçin ulanylýar. Ösümligiň dermanlyk sakyzy  önelgesizlikde, ganazlykda, gaýraüzülmede, bagyr sökelliklerinde, aşgazan ýaralarynda, şonuň ýalyda, zäheriň garşysyna hem giňden peýdalanylýar. Ylmy lukmançylykda ösümligiň sakyzynyň böwreküsti mäzleriň işleýşini sazlaýandygy, gormonlaryň bozulmasynda we bedeniň immunitet derejesini dikeltmekde, sowuklamanyň garşysyna täsir edýändigi ýüze çykaryldy.

Ysly çomuç saýawanlylar maşgalasyndan bolup, boýy 100-120 sm ýetýän köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Ol aprel, maý aýlarynda gülleýär, maý-iýul aýlarynda bolsa miweleýär. Üstýurtda, üňüzaňyrsy Garagumda, günorta-gündogar Garagumda köpçülikleýin duş gelýän ysly çomujyň dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Halk lukmançylygynda gysylmanyň we damar çekmäniň garşysyna, öt çykaryjy, kakynda, tutgaýda, öýken inçekeselinde, süýjüli diabetde, bagyr sökelliklerinde, merezýelde, howply çişlerde peýdalanylýar. Şeýle-de onuň şepbik sakyzy damar çekmede dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar.

Begli DÄDIŞOW,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok