Kömelekler iýmitlenişde ulanyp bolýandygyna ýa-da bolmaýandygyna baglylykda 4 topara bölünýär:
- Iýilýän kömelekler.
- Şertli iýlýän kömelekler
- Iýilmeýän kömelekler
- Zäherli kömelekler.
Iýilýan kömelekleri bişirmezden öň ezip goýmak ýa-da gaýnadyp, suwuny dökmek talap edilmeýär. Olary gabygyndan arassalap, oňat ýuwmak we soňra üstünden gaýnag suw guýmak ýeterlikdir. Şertli iýilýän kömelekler ajy bolýar. Ýöne oňa ajy tagam berýän zäherli maddalar gaýnadylanda suwda ereýär, guradylyp, uzak waglap saklanylanda bolsa zyýansyzlanýar. Bu topara girýan kömelekleriň käbirini şor suwda köp wagtlap saklap, soň gaýnatmak zerurdyr. Iýilmeýän kömeleklerde zäher ýok. Ýöne olar tagamynyň, ysynyň ýakymsyzdygy zerarly iýmäge ýaramsyz bolýar. Zäherli kömeleklerde köp mukdarda saklanýan toksinler adamy güýçli zäherleýär, hatda onuň ölmegine-de getirip bilýär.
KÖMELEK ÇÖPLEMEGIŇ HEM ŞERTLERI BAR:
Baharda, güýzüň sohky aýlarynda açyk meýdana, gumluga, baýyrlyga, dagyň eteklerine, ýaplaryň boýuna çykyp, kömelek çöplemek hezil. Ýöne belli-belli düzgünler berjaý edilmedik halatlarynda gyzykly we peýdaly gezelenjiň pajygaly waka bilen tamamlanmagy-da mümkindir.
1.Ir säher sagat 6-9 aralygy kömelek çöplemek üçin iň amatly wagtdyr. Gije
mylaýym ýagyş ýagandan soň irden kömelek köpelýär.
2.Kömelegi howa geçirmeýän polietilen haltajyga dal-de, örülen sebede
ýygnamaly.Ýogsam olar solar, döwler.
3.Awtomobil ýollarynyň, demir ýoluň ugrunda, senagat kärhanalarynyň, şäher jaýlarynyň golaýyndaky ýerlerde bilen kömelegi almakdan gaça duruň. Sebäbi kömelek howadaky we toprakdaky agyr metallary, pestisidleri, radionuklidleri ozüne siňdirýär. Ýer ýüzündäki iň gadymy ösümlikleriň biri bolan kömelegiň düzümi 91 % -i suwdan, 3,2 % -i beloklardan, 0,5 %-i ýaglardan, 3,7 %-i uglewodlardan, 0,8 %-i
mineral duzlardan durýar. Onuň iýmitlenişdäki gymmaty beloklara we kaliý duzlaryna baýdygyndadyr. Bu önüm az kaloriýalydyr (1 kilogramynda 320 kkal bar). Kömelek ganazlykda, sowuklamada peýdaly, lýmit siňdiriş ýollarynyň, böwrekleriň, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde, maddalaryň alyş-çalşynyň bozulmasynda welin, ony köp ulanmak maslahat berilmeýär. Şeýle kesellerden ejir çekýän çagalar kömelekli naharlary asla iýmese gowy.
4.Özüňize nätanyş kömelegi ellemäň: zäherli bolmagy ähtimal. Olaryň arasynda ösüp oturan kömelegi iýmäge ýaramlydygyny bilýän bolsaňyzam almaň. ,,Goňşulykda” ýerleşen kömelekler zyýanly täsirini bir-birine geçirýärler.
5.Iýmäge ýaramly bolsa-da, çüýräp ugran kömelegi almaň. Çüýrän ýerini kesip aýraýanyňda-da, ol tagamyny, peýdaly häsiýetini ýitirýar.
6.Kömelek çöplemäge gitmegi halaýan bolsaňyz, olaryň zäherlilerini
zähersizlerinden tapawutlandyrmagy öwreniň.
7.Bazardan kömelek satyn alanyňyzda onuň hiline üns beriň. Köki bilen
goparylyp alnan, solan, şikeslenen, mynjyran, telpejigi epilen we garalan, içi goňur tegmillerden doly kömelek ulanma-ga ýaramsyzdyr. Kömelegiň göbeginiň kesilen ýeri garalmadygyny, gaýzykmadygyny saýlaň. Polietilen haltajyklara gaplanan kömelege hyrydar çykmaň.
8.Ýygy-ýygydan kömelek iýmegiň zyýanlydygyny ýatda saklaň. Düzümindäki bitin
(ösümlik süýümi) onuň siňmegine pasgel berýär, içeganiň nemli gatlagyny
gyjyndyrýar.
9.Üç ýaşa çenli çagalara kömelek bermek gadagandyr. Çaga 3 ýaşandan soň hem oňa köne ýa-da duzlanan, sirkä ýatyrylan kömelegi iýdirmekden saklanyň.
10.Köne ýa-da öte bişen kömelek iýmit siňdirisjň bozulmagyna getirip bilýär.
Nädogry arassalanan, taýýarlanan kömelekde bolsa salmonellalaryň, stafilokokklaryň we beýleki içege kesellerini döredijileriň bolmagy mümkin.
11.Zäherli kömelekler saglyga has köp howp salýar. lýilýän kömelek ter ýa-da bişen görnüşinde uzak saklananda olaryň düzümindäki beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň dargap, zäherli birleşmeleri emele getirýändigmi hem ýatda saklaň.
KOMELEKDEN ZÄHERLENME
Iň howply iýmit zäherlenmesi kömelekden zäherlenmedir. Bu hadysada peýda bolýan alamatlar we olaryň ýüze çykýan wagty ulanylan kömelegiň görnüşine baglydyr. Meselem, zäherli kömelekden zaherlenmäniň alamatlary 0,5 sagatdan soň peýda bolýar. Ýylan kömelekden zäherlenmäniň alamatlary ýüze çykýança 7 sagat gowrak wagt geçyär. Köplenç gelin kömelekdir öýdülip iýilýän ýylan kömelekden zäherlenmede içgeçme, gusma şeýle bir güýçli bolýar welin, hatda agyr suwsuzlygyň ýüze çykmagyna-da getirip bilýar. Kömelegiň dürli görnüşlerinden zäherlenmä mahsus bolan umumy alamatlar hem bar.
Olara şular degişlidir: garynda agyrynyň, sanjynyň döremegi; üznüksiz gusma; içgeçme; baş aýlanma; pulsuň haýallaşmagy; titrewük.
NÄME ETMELI?
Kömelekden zäherlenme güman edilen ýagdaýlarda haýal etmän tiz kömegi” çagyrmaly. Lukman gelýança öýde ilkinji kömegi bermeli:
•Gaýtarmak üçin 4-5 stakan suwuklyk içmeli. Gaýnadylyp, otag tem- peraturasyna çenli sowadylan suw, her stakanyna 0,5 çay çemçe möçberinde nahar sodasy garylan suw ýa-da margansowkanyn açyk gülgün reňkli erginini ulanmak bolar.
• Aşgazan ýuwlandan soň klizma etmek arkaly içegeleri ýuwmak hökmandyr. Ulanyljak suwa çopantelpegiň petini garmak mümkin.
• Heläkglige ugany ýatyrmaly, ellerine we aýaklaryna gyzgyn suwly grelka
(ýyladyjy tulum) goýmaly.
•Syrkaw ýylyjak suwy, ajy çaýy yzygiderli içmelidir. Oňa 1çaý çemçe duz
atylan suw, enterosorbentleriň birini, meselem, aktiwirlenen kömür beriň.
•Çagalarda zäherlenme has agyr geçýär. Şoňa gorä, çagada kömelek iýenden soň gowşaklyk, gusma, içgeçme, görşüň bozulmagy, damar çekme, deriniň reňkiniň üýtgemegi ýaly alamatlaryň biri ýüze çyksa-da, haýal etmänjiz kömegi”çagyryň.
•Kömelekden zäherlenen adam hökman hassahana şertlerinde bejeriş almalydyr. Bejerginiň öý şertlerinde özbaşdak geçirilmegi adamyň ömrüne howp salýar.
Aýgül Akmuradowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler