Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip kesgitlenilýär. Hakykatdan-da, tebigat – biziň öýümiz, ojagymyz. Ýüregi «Watan!» diýip telwas edýän her bir ynsan öz ene topragynyň, ata ýurdunyň gözel, tebigatynyň mizemez, daş-töwereginiň hemişe abadan bolmagy ugrunda göreşip ýaşaýar.

Adam tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýar. Ol – tebigatyň aýrylmaz bölegi. Şeýle bolansoň, tebigaty aýawly saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjy, şol sanda, wezipesi, hukugy.

Tebigaty mydama gözegçilikde saklamaly. Ony goramaly. Ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmeli. Tebigata söýgi bilen seredip, ony has-da gülzarlyga öwürmeli. Tebigat täsinliklerimizi dünýä ýaýmaly, gözel tebigy künjeklerimizi syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli mekanyna öwürmeli. Bu – biziň esasy aladymyz.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm ekologiýa konwensiýalaryny, taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Häzir biziň ýurdumyz daşky gurşawy gorap saklamak barada halkara we sebit derejesindäki konwensiýalaryň ählisine goşuldy. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanylmagyna, rejeli peýdalanylmagyna, köpeldilmegine gönükdirilen, halkara kadalaryna gabat gelýän «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda», Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi daşky gurşawy gorap saklamak üçin ähli aladalaryň edilýändigine şaýatlyk edýär. Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy hem-de Milli tokaý maksatnamasy işlenilip düzülip, yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda 9 sany tebigy we çäkli goraghanalaryň ençemesi hereket edip, olarda tebigatymyza mahsus bolan ösümlikleriň, haýwanlaryň köp sanlysy goralyp saklanylýar hem-de tebigy ýagdaýda köpeldilýär. Olaryň has az sanly görnüşleriniň atlary «Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna» girizildi.

Döwlet ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan «ýaşyl zolaklary» giňeltmek netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti has-da artýar. Geçen ýylda – eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylandygyny ýada salmak ýeterlikdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyna, tebigatymyzyň baýlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmagy üpjün etmäge gönükdirilendir.

«Bitarap Türkmenistanyň Daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda, geljekde dünýäde we ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, olary köpeltmek, howany, topragy, suwy arassa saklamak boýunça tutumly işler durmuşa geçiriler.

Ybraýym GURBANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok