“Internediň mümkinçiliklerini bilimi dolandyrmakda ulanmak”

Hökmany bolan Internet-gorlar – bu bilim bermegiň belli bolan basgançagynda we belli bolan ders pudagynda okatmagyň dowamynda ulanmak üçin (bilim beriş we okuw-usuly materiallar), we şeýle hem bilim ulgamynyň maglumat üpjünçiligi üçin, bilim beriş edaralaryň işi üçin ýa-da bilimi dolandyryş pudaklar üçin niýetlenen ýörite döredilen gorlardyr.

Internet torynyň bilim gorlaryny indiki ugurlar boýunça bölüp bolýar: ders boýunça sapaklaryň ýazgylary; sapaklar üçin işlenip taýýarlanan usuly we didaktiki materiallar; okuw maksatnamalary; dersler boýunça dürli görnüşli wariantly kurslar, dersler boýunça okuw modullar; elektron kitaplar; sapaklaryň prezentasiýalary; sapaklaryň ýazgylary bilen wideomateriallary; ders mugallymlaryň iş tejribesinden makalalar, iş ulgamynyň maglumat-pedagogiki modullary, mugallymlaryň işde amala aşyrylan pedagogiki başlangyçlary.

 Bilim beriş Internet-gorlaryň indiki komplekslerini iň effektiw diýip hasap edip bolýar: bilim beriş saýty, bilim beriş portaly, bilimleriň bazasy (ensiklopediýalar, atlaslar we ş.m.) we aralykdan okatmagyň ulgamy.

Ders okatmagyň dowamynda Internet-gorlaryny ulanmaklyk sapagyň anyklygynyň hil taýdan has ýokary derejesine ýetmäge mümkinçilik berýär, sapakda okaýanlaryň hereketleriniň aksentini özbaşdak işine ugrukdyrmaga mümkinçilik berýär, okatmagyň indiwiduallaşdyrylmagyny we differensiasiýasyny amala aşyrmaga ýardam edýär, talyplaryň ylmy-derňew işini aktiwleşdirmek mümkinçiliklerini giňeldýär. Üznüksiz ters aragatnaşygyň barlygy okuw prosessiniň janlanmagynyň emele gelmegine getirýär, munuň özi bolsa onuň dinamizminiň ýokarlanmagyna getirýär, öwrenilýän materialyna bolan položitel garaýşynyň emele gelmegine getirýär. Şeýle hem Internet bilen işlemek ders boýunça bäsleşiklerde, olimpiadalarda, taslamalarda we uzakdan okatmakda talyplaryň gatnaşmagyny gurnamaga mümkinçilik berýär. 

Bahar ANNAGELDIÝEWA.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň
Telekommunikasiýalar fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok