Pişikler barada

Häzirki wagtda pişikleriň 700-den gowrak görnüşi bolup, olary eldekileşdirmek prosesi 10 müň ýyl ozal başlanypdyr.

Munçkin – geň gysga aýakly pişikler hakda maglumatlar XIX asyrda peýda bolup, olaryň aýaklary adaty pişiklerden 2-3 esse gysga bolmagy tebigy mutasiýa netijesinde ýüze çykandyr. Munçkinler 1994-nji ýyldan bäri tohumyň ösüşi TICA-nyň gözegçiligi astynda alnyp barylýar.

Singapur – aýratyn gündogar görnüşi bilen kiçijik nepis pişikdir. Ol Aziýada, has dogrusy, Singapurda ýaşaýan köçe pişiklerinden gelip çykandyr. Singapuranyň kiçijik muskul bedeniniň agramy bary-ýogy 2-3 kg-a deňdir. Singapurda bu pişikler milli hazyna hökmünde ykrar edilýär.

Lembkin – iňlis dilinden ,,guzy’’ diýip terjime edilýär we bu söz bu tohumy has gowy suratlandyrýar. Goýun ýüňi ýaly egrilen kiçijik pişikleriň ýüňünden başga-da, gysga aýaklary bilen tapawutlanyp agramy 3-4 kg deňdir.

Minskin – gysga aýaklary, ýüpek deri we bedeniň käbir ýerlerinde gysga dykyz saçly kiçijik pişikdir.

Pişikler gysga aýaklaryna garamazdan gaty çeýe we çaltdyrlar. Olar belentlige böküp bilmeýärler, ýöne çeýeligi sebäpli başga ýollar bilen isleýän beýikligine çykyp bilýärler.

Esasanam, bular işjeň durmuş ýörelgesini gowy görýän, örän mähirli we hemişe adamyň ünsüne mätäç sagdyn pişiklerdir.

Laçyn GYLYJOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok