Sanly bilim ulgamy – özgerişiň aýdyň ýoly

          Sanly bilim ulgamy – häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ynsanyýet üçin döredýän çäksiz mümkinçilikleriniň we oňyn şertleriniň esasynda  bütindünýä jemgyýetçiliginiň şu günki ýaş nesilleriniň zehin taýdan özgerişine,  aňyýet  babatda ösüşine täsir edýän  döwrebap tälim usulydyr.  Bu usulda dürli ugurlardan hünär  bilimini almaklyk üçin döredilen her hili programmalar, wideorolikler ýaşlaryň zehiniň özgermegine, öwredilýän sanly mowzugy diýseň aňsatlyk bilen kabul edip, aňyýetinde örän tiz özleşdirmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem, sanly bilim ulgamy häzirki zaman dünýäsiniň iň kämil tälim beriş usuly hökmünde saýlanylyp alyndy. Hut şu nukdaýnazardan-da, sanly bilim ulgamy  BMG-niň özüne agza döwletleri üçin 2015-nji ýylda kabul eden 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlarynyň 17 sany global maksadyny durmuşa geçirmekligiň düýp esas özenini düzýär.  Çünki, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki zaman dünýäsiniň ösen sanly tehnologiýalaryna erk edip bilýän, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmeklik üçin, bilim ulgamynyň sanlaşdyrylmagy ilkinji zerurlyk bolup durýar.           BMG-niň 1992-nji ýylyň 2-nji martynda agzasy bolan, ata Watanymyz Türkmenistanda hem, bu iri halkara guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür  üçin niýetlenilen durnukly ösüş maksatlaryny  iş ýüzünde amal etmeklikde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar. Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji  ýylyň  15-nji sentýabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde  sanly bilim ulgamy tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar.

Myratlyýewa Jumagül,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok