Häzirki döwürde ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hem ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşi hasda artýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilyän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň talaplaryny we ýollaryny kesgitleýän strategik häsiýetli resminama bolmak bilen, onuň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşlerine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim almak we bilim bermek arkaly bu ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr.
Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzda hem wirtual-tejribeleriň programma üpjünçiligi ornaşdyrylan kompýuterler bilen üpjün edilen okuw otaglary hereket edýär. Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň düzüminde ýerleşýän wirtual tejribe otagynda “Ýol gurluşykçy” atly gurnagyň agzalary bilen ýörite sapaklar guralýar. Wirtual ulgam diýmek hyýaly hakykat diýmekligi aňladyp ony “elektron tejribehana” diýip hem atlandyrmak bolýar. Bu ulgam hakyky dünýäde ýerine ýetirilýän işleri kompýuterleriň üsti bilen ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýär.
“Ýol gurluşykçy” atly gurnagynyň agzalary bu wirtual tejribe otagynda witrual görnüşde sapaklary geçmeklik arkaly önümçilikde ýol gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderliligine laýyklykda ýumuşlary ýerine ýetirýärler. Bu bolsa talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini has hem çuňlaşdyryp özleşdirmeklerine we bilim bermekligiň hilini has ýokary derejelere götermeklige mümkinçilik berýär.
Biz hem Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp ýol gurluşyk ulgamyndaky täze tehnologiýalary öwrenip olary biziň ýol gurluşyk pudagymyza ornaşdyrmaklygy öňümizde maksat edinýäris.
Goý, şeýle ajaýyp işleriň gözbaşynda duran, ata Watanymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
A.Goçakowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakulteti, «Awtomobil ýollarynyň gurluşygy»
kafedrasynyň mugallymy
Teswirler