Wagt çäkli, berlen sözüň üstünden çykmak gerek!

Her ýyl 24-nji mart senesinde Bütindünýä inçekesele garşy göreşmek güni hökmünde bellenilip geçilýär. 24-nji mart senesiniň özi, inçekeseliň saglyga zyýanyny, dünýädäki inçekesel epidemiýasyny ýok etmek üçin tagallalary we sosial-ykdysady netijeleri barada köpçülige habar bermegi güýçlendirmäge ýene bir goşantdyr. Bu sene 1882-nji ýylda, Dr. Robert Koch inçekesele sebäp bolýan bakteriýany tapmagy bilen bu keseli anyklamaga we bejermäge ýol açan güni boldy.

Inçekesel dünýäde iň ganly ýokanç keselleriň biri bolmaklygynda galýar. Her gün dünýä ilatynyň 4 müň töweregi inçekesel sebäpli ölýär we 28 müň töweregi adam öňüni alyp boljak we bejerip bolýan inçekeseliň görnüşi bilen keselleýär. Inçekesele garşy göreş boýunça global göwrümde geçirilen işler 2000-nji ýyldan häzirki wagta çenli takmynan 63 million adamyň ömrüni halas etdi.

2021-nji ýyldaky Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününiň esasy ýörelgesi – “Sagat işläp başlady” – bu dünýä liderleriniň inçekeseli ýok etmek baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin bellenen wagtynyň gutaryp barýandygyny aňladýar. Inçekeseli aradan aýyrmak işine böwet bolýan COVID-19 pandemiýasynyň dowam edýän döwründe, bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň alhliumumy saglykly gurşawa ýetmek ugrundaky hereketine laýyklykda, onuň öňüni almak we ideg etmek üçin deň hukuklylygy üpjün etmek ýaly möhüm wezipeler bolup durýar.
Sagat başlaýar! Bütindünýä inçekesele garşy göreşmek güni, herekete başlamak üçin itergi!

Bütindünýä inçekesel güninde, bütindünýä saglygy goramak gurmasy öz web sahypasynda berilen wadalaryň ýerine ýetirilmegine çagyrýar.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin inçekesel keseliniň öňüni alyş işlerini çaltlandyrmak DÖM-yň öz maksatlaryna wagtynda ýetmegine itergi bolar. BSGG-nyň inçekesel barasyndaky kabul edilen strategiýasy Moskwa deklarasiýasyna we inçekesel barada BMG-nyň Ýokary Geňeşiniň geçiren ýygnagyndaky syýasy deklarasiýa esaslanýar.

2022-nji ýyla çenli inçekesel bilen kesellän 40 million adamy barlamaly, anyklamaly we bejermeli, şol sanda 3,5 million çaga we 1.5 million adamy neşe garşy göreşmek işlerini alyp barylmaly. Bu, BSGG-nyň ähliumumy saglygy gurşap almak we BSGG-nyň Baş müdiriniň şygary ýagny – “Hemmesini. Tapyň. Bejeriň. #EndTB”

Inçekeseliň öňüni alyş bejergisini alan adamlaryň sany 2022-nji ýyla çenli 30 million adama ýetirmeli, inçekeseliň öňüni alyş bejergisini alanlaryň içinde has kyn ýagdaýdakylary gyssagly kömek etmeklik, şol sanda inçekesel bilen kesellänleriň öýde bejergi alýanlaryň 24 milliona ýetirmek – olaryň 4 milliony 5 ýaşa çenli çagalar we 6 million adam AIW keseli bilen kesellänler.

Inçekesel gözleglerine has gowy ylym, has gowy gurallar we has gowulaşdyrmak üçin ýylda azyndan 2 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumyny tapmak.

Bütindünýä Inçekesele garşy göreşmek güni ýagny 24-nji mart senesiniň özi hem bütindünýä-de inçekesele garşy göreşmek baradaky giň gerimdäki işleriň alnyp barylýandygynyň subudydyr. Köp sanly döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň 24-nji mart senesinde inçekesele garşy göreşmek baradaky geçirjek bolýan leksiýa sapaklaryny hem cdc.gov/tb/worldtbday sahypasynda aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz.

Jahangir Polotbaýew
TDMI-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklaryň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok