Türkmenistanda ilkinji atyr önümçiligi

2009-njy ýylda esaslandyrylan “Täç hil” hususy kärhanasy önümçiligine polietilen torbalary öndürmek arkaly başlady. Soňra önümçiligini has giňeltmek maksady bilen çygly süpürgiçleriň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, suwuk sabynlaryň dürli görnüşlerini öndürmäge başlady. Häzirki wagtda hem çygly süpürgiçleriň 12 görnüşi, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň 0,5l, 0,75l,1l möçberdäki görnüşleri, subuk sabynlaryň bolsa 5 görnüşi bar. 2020-nji ýylda bu hususy kärhana antibakterial serişdeleri öndürmege başlady. Häzirki wagtda bu serişdeleriň 25 görnüşi öndürilýär. Antibakterial serişdeler hem öz arasynda gel we suwuk görnüşe bölünýär. Iň esasy bellemeli zadymyz hem Orta Aziýa boýunça gel görnüşinde antibakterial serişdeleri öndürýän ýeke-täk kärhana “Täç hil” hususy kärhanasy hasaplanylýar.

Bu hususy kärhananyň Satyş bölüminiň müdiri Eziz Gurdow bilen söhbetdeş bolanymyzda ol bize şeýle gürrüň berdi:

-“Täç hil” hususy kärhanamyzyň iň soňky ýola goýan önümçiligi atyr öndürmeklik hasaplanylýar. “Aura” brendli atyr önümçiligine 2020-nji ýylyň noýabr aýynda, satuwa bolsa 2021-nji ýylyň başynda başlady. Biziň hususy kärhanamyz Türkmenistanda ilkinji bolup atyr önümçiligini ýola goýan kärhana hasaplanylýar. Şu günki günlerde halkyň içinde iň geçginli atyrlaryň görnüşlerinden gelin-gyzlar üçin 10 sany oglanlar üçinem 10 sany görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. “Aura” brendli atyryň önümçiliginde esasy önümler hökmünde ýerli serişdeler peýdalanylyp, ys berijiler Fransiýadan getirilýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda biziň hususy kärhanamyz hem zähmet üstünliklerine beslenýär. Geljekde atyrlaryň görnüşini artdyrmagy ýene-de 20 görnüş bilen atyrlaryň üstüni doldurmagy göz öňünde tutýarys. Şeýle-de täze önümler hökmünde otaglara we awtoulaglara  taýajykly ys beriji serişdeleri, şampunlaryň we duş üçin gelleriň täze görnüşlerini öndürmegi meýilleşdirýäris.

Umuman, “Täç hil” hormatly Prezidentimiziň telekeçilere döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, halkyň islegini doly derejede kanagatlandyrmagy dowam edýär. biz hem bu hususy kärhananyň işgärlerine işinde üstünlikleri arzuw edýäris!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren:
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok