Bilimde maglumat tehnologiýalarynyň orny

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň ählisiniň internet ulgamyna birikdirilip, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan  döwrebap  multimediýa tehnologiýalary, kompýuter serişdeleri, interaktiw tagtalary bilen üpjün edilmegi  okuw prosesini  sanly usulda  alyp barmaklykda, ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­maklykda, diýseň giň mümkinçilikleri döretdi. Munuň  özi bolsa, ýurdumyzda bilim ulgamynyň milli aýratynlyklar bilen bir hatarda dünýä tejribesinden hem ugur alnyp özgerdilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de 2017-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da tas­syk­lan “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy”­, şeýle hem “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy” tapgyrma-tapgyr ýagdaýda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýalary iş ýüzünde amal etmeklik işi, olaryň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär. Çünki,  Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­syny durmuşa geçirmeklik üçin, sanly ykdysadyýetden – häzirki zamanan dünýäsiniň ösen sanly tehnologiýasyndan baş çykarýan, öz kärine ezber, ukyp-başarnykly türkmen ýaşlaryny ýetişdirmeklik möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan-da, ýurdumyzda  san­ly bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär.

 San­ly bi­li­mi ös­dür­meklik üçin, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim ul­ga­myn­da zäh­met çekýän mu­gal­lym­la­rdyr hü­när­men­le­riň, şeý­le-de bi­lim al­ýan­ ýaşla­ryň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­maklyk­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­dir. Hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­ri we mag­lu­mat gor­la­ry­ny ula­nmak babatda bi­lim iş­gär­le­ri­niň taý­ýar­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek we­zi­pe­si hem wajyp meseleleriň biridir. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, mu­gal­lym­la­ryň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Sanly bilim ulgamyny döretmek we ösdürmek üçin onuň tehniki we programma üpjünçiligi berjaý edilmeli. Munuň üçin, ilki bilen tor ulgamy döredilýär we ulgama serwer birikdirilýär. Ulgamda elektron görnüşli maglumatlar, ýagny, sapaklaryň ýazgylary, sowalnamalar, okuw kitaplary, gollanmalar, wideolarýazgylar, prezentasiýalar we suratlar ýerleşdirilýär. Serwerde gurnalan degişli operasion ulgam we programma üpjünçilikler arkaly sanly bilim portalynyň üsti bilen maglumatlar ulanyjylar köpçüligine ýetirilýär.
       Ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça halkara taslamalar hem alnyp barylýar. Olaryň biri hem “Täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimiň kämilleşdirilmegi” (Modernisation of Higher Education in Central Asia Through New Technologies – HiEdTec) atly halkara taslamadyr. Taslamanyň dowamlylygy üç ýyl bolup, onuň dowamynda kesgitlenilen maksatlary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek” hakyndaky Konsepsiýany durmuşa geçirmek we bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň biri bolup durýar.
          Ýokary bilimiň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar esasynda sanly nesile uýgunlaşdyrylmagy XXI asyryň ýokary hilli bilim ulgamynda mugallymlaryň we talyplaryň mugallymçylyk, okuw we derňew tejribesini ýokarlandyrmakda aýgytly wezipäni ýerine ýetirip biler. Şol sebäpli, sanly dünýäde durnukly innowasiýalar we täze oýlap tapyşlar bilen aýakdaş gitmek üçin, bilimi we başarnygy kämilleşdirmegi dowam etdirmek möhümdir. Şol bir wagtda, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilimi dolandyrmagyň medeniýetini kämilleşdirer. Ylmy-usuly merkezleriň, kafedralaryň, fakultetleriň, okuw mekdepleriň we bilim edaralaryň beýleki düzüm birlikleriniň işiniň dowam etmegi bilim babatynda innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jikme-jik işlenip taýýarlanylmagy we ýerlikli peýdalanylmagy, okatmagyň netijeli usullarynyň täsirini tizleşdirmäge, güýçlendirmäge hem-de giňeltmäge mümkinçilik berer.

Agamyrat ÇARYÝEW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň Telekommunikasiýalar fakultetiniň mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok