Ýurdumyzda tebigy baýlyklaryň gymmaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynda ösen döwlete öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ulag diplomatiýasy, suw-ekologiýa diplomatiýasy hem-de energetika diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa  Garaşsyz Watanymyzda ekologiýa howpsuzlygyny we ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine uly ýardam berýär.

Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolup ýurdumyzyň energetika syýasaty nebitgaz toplumyny ösdürmäge we onuň bütindünýä energoulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendir. Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportyny artdyrmak hem şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Bu ugurda halkara derejesindäki iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan-Owganystan, Türkmenistan-Päkistan, Türkmenistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan –Owganystan – Päkistan  elektrik we optiki-süýümli geçirijilerini gurmak taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Lebap welaýatynda ýerleşýän “Malaý” gaz käninde gurlan kuwwatlylygy 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desgasy hem ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine uly itergi berýär. Şol sanda Lebap welaýatynyň Kerki elektrik bekedinden Türkmenistan-Owganystan serhedine çenli güýjenmesi 500kW bolan täze elektrik geçiriji ulgamy hem ýurdumyzyň energetika pudagynyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýar.

Hazardaky iri “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça hem täze giň  gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.  Bu taslama hem Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygy netijesinde uglewodorod serişdelerini  gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa “Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde” täze taryhy sahypany açýar. Bu taslama diňe bir ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyna we ykdysadyýetine täsir etmän, eýsem biziň ýurtlarymyzyň goňşularynyň hem energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda uly ýardam edýär.

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň işjeň agzasy hökmünde, energetika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy dünýä derejesinde ösdürmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bu ugurda ählumumy wajyp meseleleri çözmäge özüniň möhüm başlangyçlaryny, tekliplerini öňe sürýär. Türkmenistan dünýäde uglewodorod serişdelerini örän köp öndürýän döwlet bolup, energetika howpsuzlygy boýunça giň möçberli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ekologiýa meselelerinde uzak geljegi göz öňünde tutup we aýawly çemeleşmek arkaly tebigaty gorap saklamak, energetika pudagynyň häzirki wagtdaky esasy wezipesi bolup durýar. Türkmenistan hem energiýa serişdelerini netijeli ulanmaga we energiýany tygşytlamaga, onuň dikeldilýän çeşmelerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berýär.  Ata Watanymyz energetika ulgamyny ösdürmek  boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaş hökmünde halkara derejesinde halkara guramalaryň çäginde adamzadyň ösüşi üçin zerur bolan energetika howpsuzlygy boýunça meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan 1984-nji ýylda kabul edilen  Energetika Hartiýasy şertnamasyna agza bolup Hormatly Przezidentimiziň başlangyjy bilen  2007-nji ýylda ählumumy derejesinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Energetika diplomatiýasynyň şanly ösüşlerine badalga berildi. 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda bolsa Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýa kabul edildi. Dünýäniň 71 döwletiniň awtordaş bolmagynda bu halkara derejesindäki resminama  2013-nji ýylyň 17-nji maýynda ikinji gezek hem  kabul edildi. 2017-nji ýylda bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmegi, 2009-njy ýylda Türkmenistan –Özbegistan –Gazagystan –Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi  ýaly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi  dünýäde şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasynda ýangyç-energetika ulgamyny  täze derejä çykarmakda we olaryň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde , daşky gurşawy goramakda möhüm wezipeleri çözmekde, hem-de ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmakda şol wezipelere gönükdirilen halkara ähmiýetli işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyna goşýan örän uly ähmiýetli işleriniň  nobatdaky aýdyň subutnmasy bolup durýar.

.

Atda ÖWEZOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň “SDTTEHA” hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok