Bütindünýä şygryýet güni

1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) Pariž şäherinde geçirilen 30-njy umumy maslahatynda 21-nji  marty “Bütindünýä şygryýet güni” diýip yglan etmek hakynda karar kabul edildi we 2000-nji ýylda ilkinji gezek bellenilip geçildi. ÝUNESKO-nyň Beýannamasynda aýdylyşy ýaly bu günüň esasy maksady milli, sebitleýin we halkara poeziýa hereketlerine täze ykrar we itergi bermekden, ony ösdürmekden ybarat bolup durýar. Esasan-da, poeziýanyň adam aňynyň döredijilik ruhuny kämilleşdirmekde, ele almakda täsin ukybynyň hem-de uly ähmiýetiniň bardygy ykrar edildi.

ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen döredilen Bütindünýä şygryýet güni her ýylyň 21-nji martynda giňden bellenilip geçilýär we adamzadyň medeni hem-de şahyrana dil arkaly dürliligini goldamak, ýazyjy-şahyrlary hormatlamak, şygryýet älemini köpçülige wagyz etmek, aýdym-saz sungatyny ösdürmek ýaly dürli maksatlardan ugur alýar. Bütindünýä şygryýet gününiň dünýä döwletleriniň arasynda bellenilip geçilmegi şygryýet dünýäsiniň halk köpçüligi tarapyndan hemişe uly goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

.

Temirow Musamyrat,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok