Türkmen halkynyň milli däp-dessurlary

Gözbaşyny gadymdan alyp gaýtýan türkmen halky her bir işiň başyny başlanda  birnäçe yrym-ynançlary, däp-dessurlary ýerine ýetirýärler. Şol sanda türkmen  halky sähetli gün diýip hem ýörite özleriniň gün senenamalaryny ýöredýärler. Türkmen halky islendik kada-kanuny, däp-dessuryny uzyn taryhyň dowamynda  oýlap-ölçerip, pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap-taraşlap kämil döredipdir.

Türkmeniň milli egin–eşikleri biziň milletimiziň daşky görnüşi däl, ol köp  babatda tebigat bilen hem baglydyr. Türkmen gelin-gyzlary ýaz paslynda ýiti açyk  ýaşyl, gyzyl, al, melewşe, gök reňklerinden bolan lybaslary geýýärler. Türkmen  ýigitleriniň geýýän toý geýimleri hem ýaz paslynyň reňkinde.

Türkmen milli egin-eşikleriniň aýratynlyklary olaryň bejergilerinde we salynýan nagyşlarynda görmek bolýar. Geçen taryhy döwrümiziň XX asyryň dowamynda  çeper bejergisi sungat hökmünde özüniň belent sepgidine ýetdi. Türkmen gyzlary  haçanda 7-10 ýaşa ýetenlerinde bejerginiň usullaryny we tilsimlerini ele alýarlar.

Türkmen milli eşikleri öz mata hiline bejergi taslamalary bilen başga Merkezi Aziýanyň halklaryna meňzemeýän özboluşly häsiýete eýedir. Gyz-gelinleriň  köýnekleriniň ýakalary uzyn ýakaly bolup, erkek adamlaryň köýnekleriniň  ýakalary “Çäk ýakaly”, “Ez ýakaly”, “Goşa ýakaly” bolýar. Türkmen  halkymyzda milli egin-eşikler, esasan, ýaş aýratynlyklaryna görä geýilipdir. Türkmen toýlaryny milli ketenisiz, al-ýaşyl çyrpysyz, gyrmyzy donsuz, silkme  telpeksiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen gelin-gyzlarynyň köýnekleri  hem özboluşly aýratynlyklara eýe bolupdyr. Onuň esasynda köýneklik matany  biçmekden, nagyşlarynyň salnyşyna çenli dünýä halklarynyňkydan düýpgöter  tapawutlanypdyr. Türkmen halky islendik bir işiň başyny tutanda hem  türkmençilige ýa-da yrym-ynançlardan ugur alypdyrlar. Şeýle yrym-ynançlar milli  lybaslary taýýarlananda hem giňden ulanylypdyr. Sähetli günler bilen  baglanyşykly:“Anna günüň öýläni bitmedik işiň haýrany”, “Çarşenbede çar ýana”  ýa-da “Şenbede biçme, annada göçme” ýaly yrym–ynançlar halk arasynda  saklanyp galypdyr. Üme, monjukatdy hem gyz-gelinlerimiziň ýerine ýetirýän däp-dessurlary bolupdyr. Türkmen gelin-gyzlarymyz agzybirlikde keşde çekip, ýaka  gaýap, tahýa tikipdirler. Olary dürli–dürli nagyşlar bilen bezäpdirler.

     Egniňe geýdirilen kürtedir, çabyt,
Ol getirsin saňa egsilmez bagt.
     Maňlaýyňa daňylan ap-akja ýaglyk,
     Janymyza bersin polat deý saglyk.

Häzirki günde hem biziň gyz–gelinlerimiz özleriniň çeper elleri bilen keşde  çekýärler, ýaka gaýaýarlar. Olaryň şeýle owadan keşdeleri çekmeklerine, ýakalary  gaýamaklaryna ene-mamalarymyz görelde bolýarlar. Çünki ol keşdedir nagyşlaryň taryhynda ene-mamalarymyzyň ussatlygyny, wepadarlygyny, edermenligini  görmek bolýar.

ÇARYÝEWA Altyngözel
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary instituty
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
 1-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok