Halkara bagtlylyk güni – Birleşen Milletler Guramasynyň halkara günleriniň sanawynda orun alýar. Bu halkara güni her ýylyň 20-nji martynda bütindünýäde bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2012-nji ýylyň 28-nji iýunynda bagtly ýaşaýşa ymtylmak her bir ynsanyň özboluşly islegi bolup, döwletleriň ynsan ýaşaýşynyň abadanlygynyň möçberini olaryň maddy hal-ýagdaýynyň üpjünçiligini kesgitlemek üçin döredilýär. Bu rezolýusiýa BMG-na agza 193 döwletiň hemmesi tarapyndan goldanylýar. Şeýle hem, güni esaslandyryjylaryň pikirine görä, şu günki dynç alyş bagtyň adamzadyň esasy maksatlaryndan biridigini görkezmek üçin niýetlenendir.
BMG-nyň Halkara bagtlylyk gününi döretmek bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ykdysady ösüşiň deňagramly, deňhukukly bolmalydygyna gönükdirmäge synanyşýar. Şeýle ösüş modeliniň durmuşa geçirilmeginiň netijesi, garyplygyň azalmagy bilen ýurtlarda durnukly ykdysady ösüşiň bolmagyna getirer. Mundan başga-da, BMG-niň dünýäniň bagtlylyk ýagdaýyna ýetmek üçin sosial we daşky gurşaw maksatnamalary bilen ykdysady ösüşi goldamagyň zerurdygyny öňe sürýär.
Gyzykly tarapy, Halkara Bagtlylyk gününi döretmegiň başlangyjy kiçijik daglyk ýurtdan – Butandan gelip çykýar. Butan Patyşalygynyň halky dünýäniň iň bagtly adamlary – raýatlarynyň milli baýlygyny ölçän umumy milli bagtlylyk görkezijisinde ýeňiji hasaplanýar. Ýeri gelende aýtsak, Butanyň dördünji şasy tarapyndan umumy milli bagtlylyk koeffisiýenti düşünjesi girizilip, ösdürilip, ýurduň resmi däl döwlet pelsepesiniň düşünjeleriniň birine öwrüldi.
Şeýle hem, dünýäniň dürli ýurtlarynda adamlaryň abadançylygyny we daşky gurşawyň ýagdaýyny görkezmek üçin 2006-njy ýylyň iýul aýynda Halkara Bagtlylyk ýer şarynyň görkezijisi girizildi. Bagtlylyk hadysasy filosofiýa, etika, psihologiýa ýaly ylymlary tarapyndan öwrenilýär. Müňlerçe ýyl bäri bagtlylyk mowzugy şahyrlara, suratkeşlere, sazandalara, sungat işgärlerine döredijilik üçin giň mümkinçilik döredýär. Elbetde, ähli şatlyklary we aladalary bilen durmuşda gezip ýören her bir adam, özboluşly kiçijik Bagtyň ýoluna hökman düşünýär.
.
Döwran ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler