Hakydalara siňen şahyr

Elbetde, halk arasynda sypaýylygy, pespälligi bilen tanalýan türkmen döredijilik äleminiň ägirtleriň biri Çary Ýegenmyradowdyr. Özüniň many-mazmuna ýugrulan goşgylary bilen adygan Çary Ýegenmyradow 1966-njy ýylyň 10-njy martynda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Diňli obasynda dünýä inýär. Oba mekdebinde orta bilimini alan şahyra 1983-nji ýylda TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby bolýar.
Talyplyk ýyllarynda harby gulluga çagyrylýar.

Çary aga zähmet ýoluny Çürçüri obasynda mugallymçylyk käri bilen başlaýar. XIX asyryň 80-90 njy ýyllarynda ýerli gazet žurnallarda işleýär. Özboluşly, duýguçyl äheňde ýazylan goşgulary halkyň arasynda dilden-dile geçip gelýär. Çary Ýegenmyradow diňe bir deň-duşlarynyň däl, eýsem, halkyň şahyry bolmak bilen özüni tanatdy.

Çary agaň metbugatda «Ine, dogan geler», «Ýerbent agşamynyň altyn şapagy», «Men», «Mynajat» ýaly goşgularyna duş gelýäris. Şahyryň seýrek duş gelýän (çap edilmedik) goşgulary “Biznes reklama” gazetiniň sahypalarynda öz ornuny tapýar.

Çary Ýegenmyradow 2010-njy ýylyň 26-njy yanwarynda aradan çykýar.

Bahar

Bahar, bahar ýüregimiň aramy,
Ýadadym men, uçursyz kän garaşyp.
Sen geldiň-de kalba kanagt berdiň,
Ýalaňaç baglaram tapdy ýaraşyk.

Ykbalymyz meňzeş ýazylan ýaly,
Meň bijäme düşüpsiň sen kartda.
Meniňem göbegim kesilen eken
Çärýek asyr ozal 10-njy martda.

Men ýagty jahanda ýolagçy kibi,
Döken külüm, ýetmez munda gadaga.
Gül bolup, sen bile solmaga kaýyl,
Sallah başym bolsun saňa sadaga.

Bahar diýen gyza meňzeş baharym,
Bilýädim men senden göwnüm bitjegin.
Sen meniň ummy, mähriban Bahar,
Ýa ölsem yzymda goýup gitjegim?!

Rüstem BERDIÝEW
TDBGI-nyň talyby

Şeýle-de okaň:
Çary Ýegenmyradow – onlaýn kitap satuwy
GÜNLER GEÇIP BARÝAR (GOŞGULAR) – elektron kitap

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok