Welotrek çempionatynyň nyşany we lybaslarynda millilik hem-de döwrebaplyk

Şu ýylyň güýzünde paýtagtymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu iri sport ýaryşyny ýokary derejede geçirmek üçin uly tagalla edilýär: milli ýygyndymyzyň türgenleri ussat tälimçi Nargeldi Igdirowyň tälim bermeginde her gün iki wagtynda, ýagny irden Köpetdagyň eteginde şosse boýunça 60 — 80 kilometrlik menzili geçmek boýunça, öýlän bolsa Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda türgenleşik işlerini alyp barýarlar.

Ýakynda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanlarynyň, şeýle-de, oňa gatnaşjak guramaçylyk toparydyr türgenleriň lybaslarynyň, olaryň welosipedleriniň bezeg işleri tassykandy. Dünýä çempionatynyň resmi nyşanynyň hem-de lybaslaryň, welosiped görnüşleriniň tassyklanmagy ýaryşa taýýarlygyň esasy aladalarynyň biri bolup, olar iri sport ýaryşynyň milli ruhuny özünde jemleýär. Dünýäde 118-nji gezek, ýurdumyzda bolsa ilkinji gezek geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanynda milli gymmatlygymyz bolan nepis halylarymyza ýerleşdirilýän «garşy-goçak»  nagşy hem-de alaja alyndy.  «Garşy goçak»  aýdylyşy ýaly, döwletliligi hem-de  oglany, alaja bolsa gije bilen gündizi aňladýar. Milli nagyşlar döwrebaplaşdyrylan, ýagny welosipedçiniň şekili bilen utgaşdyrylan ýagdaýynda işlenip taýýarlanan görnüşinde öz mynasyp ornuny tapýar.

Halkara sport ýaryşynda çykyş etjek türgeniň sport eşiginiň görnüşleri hem-de welosipediň bezegi milli äheňi  bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň welosiped boýunça milli ýygyndy toparynyň, meýletinçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, lukmanlar, jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygy üpjün edýän işgärler üçin hem ýörite taýýarlanan sport lybaslarynda halkymyzyň taryhyndan, milliliginden söz açýan bezeg işleri ulanylypdyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde döredilen ýörite topar bilen bilelikde işlenip taýýarlanan lybaslar bezeg hem-de hil taýdan  tapawutlanýarlar.

Sözümiziň şu ýerinde çempionatda çykyş etjek türgenleriň welosipedleriniň bezeg aýratynlygy hakda  aýtmak  ýerlikli bolar. Dünýä grafika sungatynyň iň döwrebap şekilleri milli nagyşlar bilen utgaşdyrylyp, döwrümiziň bedew bady bilen ösüşiň täze menziline barýan ruhy şöhlelendirilipdir. Milli ýygyndy toparymyzyň egin-eşiginde nepis gölli halylarymyzdaky «gyýak» nagşyndan ugur alnypdyr. Halyçylar bu nagşyň toýy aňladýandygyny, toýly günlerden habar berýändigini aýdýarlar. Türgenleriň lybaslarynyň reňki ýaşyl Tugumyzdan gözbaş alýar. Bu bolsa türgenlerimizi ýeňişli menzillere ruhlandyrar diýip umyt edýäris. Ýaşyl ýaýlany ýada salýan Tugumyzyň reňkinde ýaşlyk, ýaşaýyş, beýik ýeňiş öz beýanyny tapýar.

Welosiped boýunça dünýä çempionatlarynyň birnäçesiniň çempiony Lens Armstrong: «Welosipediň üstünde meni ýaryş rekordlary däl-de, bagtyýarlyk duýgusy saklaýar» diýip, belläp geçýär. Biz hem dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan geljek ussat welosipedçileriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etjek ýygyndy toparymyzyň türgenlerine milliligimizi wasp edýän sport lybaslarynda bagtyýarlyk duýgulary bilen ýeňişli menzillere ýetmeklerini arzuw edýäris.

Umida ROZMETOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşuniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok