Bilimi sanlylaşdyrmak – zehini özgertmeklikde çäksiz mümkinçilik

        Milli Liderimiziň bilim ulgamyny ösdürmeklikde alyp barýan döwlet syýasaty  häzirki zaman dünýäsiniň sanlaşdyrma prosesiniň esasynda döwrebap  özgertmeleriň binýadyny goýdy. Bu döwrebap özgertmeler  ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän bilim edaralarynyň ählisini gurşap aldy. Döwletimiziň bilim ojaklarynyň ählisiniň internet ulgamyna birikdirilip, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan  döwrebap  multimediýa tehnologiýalary, kompýuter  serişdeleri, interaktiw tagtalary bilen üpjün edilmegi  okuw prosesini  sanly usulda  alyp barmaklykda diýseň giň mümkinçilikleri döretdi.

         Ýurdumyzyň bilim ulgamlarynda okatmagyň öňdebaryjy häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy we sanlaşdyrylmagy ýaşlary daşary ýurt dillerini öwrenmeklikde örän ýeňil şertlere uýgunlaşdyrdy. Bu uýgunlaşdyrma bolsa, talyplaryň öwrenýän dilini örän çalt özleşdirmegine ýardam edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, diýarymyzyň ähli okuw jaýlaryny “Sanly bilim edaralary” diýip atlandyrsak, örän ýerlikli bolar.

Döwletimiziň sanly bilim edaralarynda ýaş nesliň dürli dilleri öwreniş ukybyny barlap görmeklik maksady bilen yzygiderli dil hepdelikleri geçirilýär. Dil hepdeliginiň meýilnamasynda talyplara öwredilýän daşary ýurt dilinde gürleýän halkyň milli ruhy gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, taryhyna, şeýle-de biziň halkymyz bilen dost-doganlykly gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär. Çünki, daşary ýurt dilini öwrenmek şol dilde gürleýän halkyň tebigatyna, ruhy durmuşyna, medeniýetine, dünýägaraýyşlaryna we beýleki milli aýratynlyklaryna belet bolmaklygy hem öz içine alýar. Dil hepdeliklerinde bu aýratynlyklar ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykarylýar. Bu aýratynlyklar esasanam, ýaş nesillere dil hepdeliklerinde görkezilýän çeper filmlerde  öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň sanly bilim edaralarynda geçirilýän dil hepdeliklerinde ýaşlar öwrenýän dili boýunça dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserlerden, şol sanda türkmen halk ertekilerinden parçalary sahnalaşdyryp, hepdeligiň täsirliligini has-da artdyrýarlar. Mundan başga hem, dil hepdeliginiň bir güni ýörite elektron kitaphana ulgamlaryna bagyşlanýar. Ýaşlar internet ulgamynyň üsti bilen elektron kitaphanalardan öwrenýän diline degişli ýurduň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini, taryhy kitaplaryny alyp, uly gyzyklanma bilen okaýarlar we dünýägaraýyşlaryny giňeldýärler.

Mahym GELDINAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň mugallymy.

       

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok