Şu gün – 11-nji fewralda «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» 2021-nji yylynda «Tebigat – biziň öýümiz» atly gepleşik başlandy.
«Altyn Asyr teleýaýlymy, bu günki söhbetdeşlik üçin Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyyetiniň Ýolbaşçy edarasynyň başlygy Serdar Gurbannyýazowiç Allekowy çagyrdy.
– Serdar aga-sözümiziň başyny 2021-nji ýylynda uly maksatlar, süyji arzuwlar bilen başlasaňyz her bir ynsan täze ýyly ýagşy umytlar bilen garşylayar.
– Elbetde, her bir adam täze ýyly, uly umytlar, ýagşy dilegler bilen garşylaýar. 2021-nji ýylymyzam nesip bolsa düşümli ýyllaryň biri bolar. Gahryman Prezidentimiz 2021-nji yyly «Türkmenistan -parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» diyip yglan etdi. Dünýä halklary bilen parahatçylykly gatnaşmak, birek- birege ynanyşyp yaşamak Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumy adamzat bähbitli syyasaty bolup duryar. Biziňem Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň öňünde-de bu ýyl edilmeli uly işler bar. Şu günki gün tebigaty goramak, onuň baýlyklaryny ayawly saklamak geljekgi nesile has kämil görnüşde ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyz bolup duryar. Hormatly Prezidentimizi «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Ähli janly-jandarlar, gözümiziň görýän baýlyklary, tebigy gurşaw biz dünyä inenimizde-de bardyr. Daş-töwerekdäki şol gursawa eýeçilik etmek, olara şol durkunda durar yaly ayawly çemeleşmelidir» diýen sözleri bar. Şeýle parasatly sözlerden ugur alyp, tebigata eýeçilik gözi bilen seretmek, ayawly saklamak üçin edara kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda ýörite hünärmenlerimiz wagyz işlerini geçirýäler. Ýurdumyzy bagy- bossanlyga öwürmek Hormatly Prezidentimiziň baş maksatlarynyň biri bolup duryar. Bizem şeyle asylly ýörelgä eýerip, her ýylda agaç, gül nahallaryny ösdürip ýetişdiryäris.
– Serdar aga, biz siziň tebigaty söymek baradaky rolikleriňizi teleýaýlymlaryň üsti bilen tomaşa edýäris, elbetde, mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «ata-babalarymyz tebigaty söymegi yaşlaryň aňyna guýup, olarda rehimdarlygy kemala getiripdirler» diyen ajaýyp sözleri bar. Siziň rolikleriňiziň many – mazmuny ýaşlaryň aňynda tebigata bolan söýgüni oyarmak olaryň tebigat bilen aragatnaşygyny has-da ösdürmek bolup durýar.
– Hawa, biz öz çekýän zähmetimiz bilen bagtyýar döwrümize goşandymyzy goşýanymyza buýsanýas. Onsaňam, Güljemal, biziň hünarmenlerimiziň bu barada berjek gürrüňlerinem diňläp bilersiňiz.
– Elbetde, biz häzir onlaýyn arkaly siziň hünärmenleriňiz bilen söhbetdeş bolarys. Hormatly Prezidentimiz Sanly ulgama geçmek hakynda her çykyşlarynda belläp geçýär, bu bolsa işleriňizi ýeňledýän bolsa gerek.
– Sanly ulgama geçmek şu günki gün has derwaýys bolup duryar. Sanly ulgam arkaly kän işleri ýerine ýetirip bolyar. Biziňem işimizi ýeňilleşdiryär. Ýerlerdäki hünärmenlerimiziň alyp barýan işlerini sanly ulgam arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
– Onlaýyn arkaly hünärmenleriňizi diňläliňmi?
Ilki hünärmen Leýli Şyhmadowa bilen onlaýyn arkaly söhbetdeş boldylar. Ol öz işleri barada gysgaja gürrüň berdi.
– Serdar aga, tebigatda işlemek üçin näme gerek?
– Elbetde, söygi gerek. Tebigaty söýmeli, tebigaty söýmekden lezzet almaly, yhlasyny tebigata sindirmeli. Tebigat bilen bagry badaşan bolmaly-da.
– Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy bolmak üçin näme gerek?
– Her bir adam dünýä gelende tebigatyň gujagynda kemala gelýär. Tebigatyň beren miwelerini iýip ulalyar, tebigatyň güýjinden güýç alýar. Adamyň tebigatyň öňündäki ilkinji borjy söýmek bolup duryar. Her bir raýatymyz tebigaty goramak jemgyýetiniň meýletin agzasy bolup bilyar, onuň üçin watanyny söýşi yaly, tebigatynam söýmeli.
– Diýmek menem agzaňyzam bolup bilýändä?
– Elbetde, Güljemal! Eger isleseňiz edil şu pursat biziň agzamyz bolup bilýäňiz, onuň üçin ýörite hünärmenimiz bar.
– Belki şol hünärmeniňiz bilen häzir habarlaşyp bileris?
– Başüstüne.
«Her bir rayat Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetimiziň meýletin agzasy bolmaga hukugy bar. Onuň üçin rayatyň pasporty, şeyle -de arzasy gerek. Biz ine şular yaly agzalyk şahadatnamasyny berýäris, – agzallar bilen işleşýän hünärmen Bäşim Muhyýew aýtdy. – Her bir agzalyga kabul edilen agzamyz yylda bir gezek 15 manat gatançy töleýär. Biz bolsa ýerine mudsuz agaç nahallaryny berýäris, şeyle-de edara kärhanalarda, ýokary hem orta okuw mekdeplerinde dürli pudaklarda durli görnüşli çäreleri gurnayarys».
Sonra bolsa Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri Mähri Ballyýewa, Ýusup Hojaberdiýew, Jemgyýetiniň «Senagat we balçylyk» kärhanasynyň direktory Guwanç Öwezmyradow hem onlaýn arkaly bilen habarlaşyp olaryň tebigatynyň ýagdaýyny gowlaşdyrmak üçin alyp barýan işleri barada diňlenildi.
Soňky onlaýn aragatnaşygy tebigatynyň gözellekleriň muşdaklaryň käbirleri bilen onlaýn arkaly söhbetdeş boldylar. Olar bolsa tebigatda syýahatçylyk edip ýorkak onuň ynsanyň jan saglygyna uly peýda berýanlikligini belläp, baý tibigatymyzda köp dürli derman ösünlikleriň ösýändikleri begenip nygtydylar.
– Serdar aga, edara kärhanalary, okuw jaylary köpçülikleýin tebigaty goramak jemgyýetiň agzalary bolup durýarlar we nähilli yagdayda agzalyga cekýäňiz?
– Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň agzalygyna çekmek üçin biz yörite haýyşnama bilen ýüz tutýarys.
– Siziň jemgyýetiňizde raýatlarmyzyň meýletin agzasy näçeräk barka we siz şu sepgide nahili etdiňiz hem-de geljekki durýän maksatlaryňyz barada şu ýerde gürrüň berýäsiňiz.
– Biziň jemgyýetimizde ýurdumyzyň raýatlaryň 260 müň gowragy meýletiň agzamyz bolup durýar. Ol sepgide ýetmek üçin irginsiz zähmet çekmeli. Biziň hünärine ökde zähmetsöýer hünärlermiz bar. Olar Watanmazda ýerleşýän dürli pudaklarda tebigaty söýmek we ony goramak hakynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatysyndan ugur alyp biziň meýletin agzamyz bolýarlar. Meýletin agzalarmyzyň sanyny 300 müňe ýetirmekligi maksad edinýäris.
– Köp sag boluň! Size ýene bir ýola aňsat bolmadyk işinizde diňe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
– Sag boluň!
Teswirler