Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýyly bolan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň özünde, diýseň uly many bardyr. Çünki, parahatçylygyň mizemejek mäkäm binýady bolan ynanyşmak – döwlet berkararlygynyň milli esasydyr. Döwlet berkararlygynyň bu milli esasy bolsa, milletbaşymyz Oguz han atamyzyň parasatly taglymlaryndan gözbaş alýar. Taryhy çeşmelerdäki ajaýyp kyssalaryň birinde Oguz hanyň ynanyşmak taglymy barada örän täsin beýan edilýär. Bu kyssa görä, Oguz han alty ogluny we ýigrimi dört agtygyny ýanyna çagyryp, olardan özüne bir ok bermeklerini soraýar. Ogullary bir ok berýärler, bir oky döwýär, iki ok berýärler, iki oky döwýär, üç ok berýärler, üç okam döwýär. Soň Oguz han alty oglunyň her birinden bir ok bermegini sorap, jemi alty sany ok alyp döwjek bolýar. Ok döwülmeýär. Şonda Oguz han atamyz öz ogullaryna ýüzlenip: «Neneňsi güýç we kuwwatyňyz bar bolsa, görkeziň, döwüp bilermisiňiz? Şu tymsal esasynda biri-biriňize uýup, meniň wesýetime görä ýaşasaňyz, döwletiňiz gaýym bolar.» – diýip öwüt beripdir. Oguz han atamyzyň bu taglymyndaky «uýmak» düşünjesi türkmen diliniň düşündiriş sözlüginde «ynanmak» diýen manyny aňladýar. Oguz han türkmeniň ogullaryna ýüzlenip, biri-biriňize uýuň – ynanyň diýmegi-de ýöne ýerden däldir. Çünki, birek-birege ynam bolan ýerinde asudalyk bar, parahatlyk bar, agzybirlik bar, ynsanperwerlik bar… Bu ruhy gymmatlyklaryň düýp esas özenini düzýän ynanyşmak taglymy bolsa, milli döwletliligiň mizemejek mäkäm sütünidir. Diýmek, bu ajaýyp taryhy kyssa görä, ynanyşmak taglymy – döwlet berkararlygynyň baky binýady bolup durýar.
Oguz han atamyzyň ynanyşmak taglymy, milletbaşymyzyň nesilleri tarapyndan 5000 ýyllyk şöhratly taryhymyzda dolandyrylan türkmen döwletlerinde milli ýörelgä öwrülipdir. Çünki, asudalyk, parahatçylyk, agzybirlik we ynsanperwerlik ýaly milli ruhy gymmatlyklary mazmun baýlygyna siňdiren ynanyşmak taglymyny milletbaşymyzdan milli ýörelge hökmünde türkmen halkynyň Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Jelaleddin Meňburun, Görogly beg, Baýram han, Keýmir kör, Gowşut han ýaly belent mertebeli şahsyýetleri özleriniň döwlet syýasatlarynyň baş maksady hasaplapdyr.
Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde parasatly ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi bilen, döwlet berkararlygymyzyň binýadyny berkidip, bütindünýä nusgalyk belent sepgitlere ýetdi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky döwrebap ösüşiniň baý mazmunynyň dünýä nusgalyk milli ýörelgelerden ugur alýandygy üçin, döwlet berkararlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýyly bolan şu ýylymyz, diňe bir öz ýurdumyzda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylman, eýsem halkara derejesinde hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi bolsa, türkmen halkynyň garaşsyz döwletliliginiň 30 ýyly içinde ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgeler bilen dünýä nusgalyk ýurda öwrülendigini görkezýär. Gözel Diýarymyzyň şeýle beýik derejelere ýetmekliginiň sakasynda bolsa, mukaddes Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda Garaşsyzlyk zamanasynyň Bagtyýarlyk döwrüni esaslandyran Gahryman Arkadagymyz durandyr.
Şamyrat EÝÝUPOW,
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky
16-njy orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler