Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeginde ýetişýän dürli miwedir peýdaly ösümliklere baý bolup, türkmen topragynda ýetişýän miweler hem-de dermanlyk ösümlikleri adam bedenine täsirliligi bilen tapawutlanýandyr. Her bir ynsan hemişe öz bedeniniň durkuny saklamaga hem-de onuň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ösdürmäge çalyşmalydyr. Munuň üçin esasy zat kadaly we sagdyn iýmitlenmekdir. Kadaly we dogry iýmitlenmek ynsan bedenindäki köp sanly ýaramaz täsirleriň öňüni almaga ýardam berip, aşa semizlik, ýürek keselleri we beýleki keseller bilen kesellemezlik üçin emleriň biridir. Şeýle hem, ýurdumyzda ekologiýa taýdan ýetişdirilýän arassa miweleri hem-de gök önümleri iýmek has peýdalydyr.
Türkmen saçagynyň bezegi bolan miweleriň hatarynda armydyň peýdasy hakynda agzaman geçmek bolmaz. Armyt gadym döwürlerde Hytaýda ösdürilip ýetişdirilip, gadymy hytaý poeziýasynda agzalyp geçilýär. Armyt – bu gülgüne maşgalasyna degişli bolup, onuň kaloriýa mukdary 100 gram önüm üçin 42 kkal deňdir. Armyt ýokumly maddalara baý, düzüminde arbutin we pektin, foliý kislotasy, beta karotin, A, B1, B2, B5, B6, B9, C, E, K, H we PP witaminleri, şeýle hem adam bedeni üçin zerur minerallar bar: kaliý, kalsiý, magniý, sink, mis we marganes, demir, kükürt, ýod, ftor, fosfor we natriý. Mundan başga-da, armyt mikroblara garşy göreşmekde peýdaly bolup, aşgazan-içege ulgamynyň bozulmalary, şeýle hem, mikrofora bilen baglanyşykly keseller üçin lukmançylyk iýmitiniň bir bölegi hasaplanýar. Armydyň süýjüligi fruktoza bilen berilýär, şol sebäpli hem miwe aşgazanasty mäzinde kemçilik bolan adamlar üçin örän peýdaly bolup, onuň düzümindäki efir ýaglary bedeniň goragyny ýokarlandyrýar we çişme kesellerine garşy täsiri ýokarydyr. Häzirki wagtda armydyň iň köp ýaýran
görnüşleriniň biri dýuşes bolup, onuň 50-den gowrak görnüşi bardyr. Armyt dürli tagamlary hem-de işdäaçarlary taýýarlamakda giňden peýdalanyp, onuň şirelerden süýjülikler we birnäçe önümler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, bu miwe adaty görnüşdäki ýaly, gaýtadan işlenilende hem öz mineral düzümini ýitirmän saklaýar.
Aýbölek AMANMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler