TÄSIN HAÝWANAT DÜNÝÄSI

  • Hameleonyň gözleri bir birine bagly bolmadyk ýagdaýda hereket edýär, şonuň üçinem olar bir wagtda iki tarapa seredip bilýär.
  • “Agaç gurbagasy” ösümlikleriň arasynda özüni gizlemek üçin gözüniň reňkini üýtgedýär.
  • Çybynlary kowmak üçin sarymsagy ulanyp bolýar.
  • Içýanlary üç hepdeläp doňduryp saklap, soňam doňuny açsaň ýenede ýaşamagyny dowam edýär. Bu haýwanyň ýene bir aýratynlygy adamyň çydamly radiasiýasyndan derejesi 200 esse güýçli bolan radiasiýa çydamlydyr.
  • Içýanlar ultramelewşe şöhlede ýagty saçýarlar.
  • Käwagt goraýjy sary garynjalar (termit) hinini goranlarynda döreýän kynçylaga çydaman ýarylyp bilýärler.
  • Möýler aç bolmasalar hem ätiýaçlyk üçin mör-möjekleri awlaýarlar.
  • Içýanlar bir ýyllyp iýmitlenmän ýaşap bilýärler.
  • Begemotyň hamynyň galyňlygy 4 santimetr bolup, ol adamyňkydan 8 esse galyňdyr.
  • Bizi diňe urkaçy çybynlar çakýandyr. Sebäbi olara ýumurtga taşlamak üçin belok gerek bolýar. Erkek çybynlar gülleriň nektary bilen iýmitlenýärler.
  • Syçanlaryň aşaky dişleri örän tiz ösýär. Dişler ösüp agzyny sanjyp geçmez ýaly syçanlar mydama birzatlar gemirýärler.
  • Pingwinler süýji suwlary içmeýärler – olar deňiz suwynyň duzuny aýyryp bilýärler. Olarda suwyň düzüminden duzy aýyrýan ýörite mäzler bar.

Berdiýewa AÝGÜL
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Atajan

Salam mana komek gerek sizden uly hayysht Men iki harpdan gelyan 3 sany haywanlaryn adyny gozleyarin Ikisinin adyny bilyan olar at,it ucunjisi namedigini bilemok gayrat edip bilyan bolsanyz aydayynda