BALARYLAR WE ONUŇ PEÝDASY

  • Balarylar – ynsan saglygyna berýän jandar bolup, olaryň öndürýän önümleri — bal, mum, ýelim, gül tozanjyklary, balary zäheri (apitoksin) durmuşda giňden ulanylýar. Mundan başga-da, balarylar oba hojalyk ösümliklerini tozanlandyrmakda hem-de olardan ýokary hasyl almakda bitirýän işleri has uludyr. Balarylar arkaly, miwe hem-de bakja ekinleriniň we ot-iýmlik ösümlikleriň hasyllylygyny 4 – 7 esse artdyryp, bir gektar gülleýän gowaça meýdanyndan 100— 300 kilograma çenli bal toplap bolýar. Beýleki iýmit önümlere garanyňda, ary baly düzüminde fermentleriň saklanyşy boýunça ilkinjileriň hatarynda durýandyr. Ýagny onuň düzüminde: kaliý, demir, natriý, magniý, mis, kalsiý, kükürt, fosfor, ýod ýaly duzlar bardyr. Şeýle hem, ary balynda köp sanly organiki turşulyklar, beloklar we biogen maddalar saklanýar.
  • Balarylar tarapyndan öndürilýän mum adamzat durmuşynda irki döwürlerden bäri giňden ulanylyp gelnipdir we häzirki döwürde lukmançylykda dürli derman serişdeleri, melhemleri, iýmitlendiriji, ýumşadyjy ýaglary taýýarlamakda giňden ulanylýar. Mum – bu çylşyrymly madda bolup, onuň düzüminiň gurluşy häzirki döwre çenli hem doly açylmady. Ýagny, mumuň düzümine on bäşden gowrak himiki maddalar, çylşyrymly efirler, biratomly spirtler, ýag turşulyklary we doýan uglewodlar hem-de reňk we hoşboý ys berýän reňkleýji hem-de ys beriji maddalar bardyr.
  • Balary ýelmi (propolis) halk lukmançylygynda howply çişleri bejermekde irki wagtlardan bäri peýdalanylyp gelnipdir. Ýelmiň himiki düzümi 55 göterim smoladan we balzamlardan, 10 göterime çenli ys beriji efir ýaglaryndan, 30 göterim mumdan we 5 göterim gül tozanjyklaryndan ybarat bolup, ýelim bakterisid häsiýete eýedir we oba hojalyk mallarynyň ýaraly şikeslenmelerini we nekrobakterioz keselini bejermekde ähmiýeti uludyr.
  • Ary balynyň peýdaly taraplary bilen bir hatarda, halk lukmançylygynda balarylaryň zäheri bejergi serişdesi hökmünde hem giňden ulanylýar. Ýagny, onuň zäheri — apitoksin bogun agyry, bogunlaryň çişmegi ýaly keselleri bejermekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Mundan başgada, balarylaryň zäheri diňe bir bejeriji serişdesi bolman, köp keselleriň öňüni almakda hem giňden ulanylýar. Balarylaryň zäheri örän çylşyrymly biologiýa serişdesi bolmak bilen, tutuş bedene täsir edýär, onuň goragyny güýçlendirýär. Şonuň üçin hem, balarylary saklaýan adamlar arylaryň çakmagy sebäpli guragyry keseli bilen düýbünden kesellemeýärler.
  • Şeýlelik-de, balarylardan öndürilýän önümleriň ählisi ynsan bedeniniň sazlaşykly ösmegi, kesellere garşy bedeniň durnukly ýokarlandyrylmagy üçin iň möhüm önümleriň biri hasaplanýar.

Akmyradowa ENEJAN,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok