ÇAÝ HAKYNDA

  • Çaý biziň eýýamymyzdan öňki 2737-nji ýylda ilkinji gezek hytaý imperatory Şen Ningiň çaýyň guran ýapragyny tötänlikde gaýnag suwa gaçyrmagy bilen ýüze çykýar.
  • Ýer ýüzünde çaýyň 1500-e golaý görnüşi bardyr.
  • ABŞ-da takmynan, ilatyň 85 göterimi sowuk, 15 göterimi bolsa gyzgyn çaý içýär.
  • Hytaýda gara çaý «Gyzyl çaý» diýlip atlandyrylýar.
  • Häzirki wagtda dünýäde içilýän çaýyň 75 göterimi gara çaýdyr.
  • Günbatarda çaý 400 ýyla golaý, Gündogarda bolsa 5 müň ýyldan gowrak wagtdan bäri içilýär.
  • ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde ilkinji gezek 1904-nji ýylda geçirilen halkara sergisinde sowuk çaý iňlis telekeçisi tarapyndan hödürlenilýär.
  • Irlandiýa dünýäniň iň köp çaý içilýän ýeridir.
  • Çaý ýer ýüzünde suwdan soňra içilýän iň köp içgidir.
  • Hytaý çaý öndürmekde ýer ýüzünde birinji, Hindistan bolsa sanawda ikinji orny eýeleýär.
  • Çaý ABŞ-da diňe Günorta Karolina ştatynda öndürilýär.
  • ABŞ-da 1904-nji ýylda ilkinji gezek  haltajykly çaýlar peýda bolup, telekeçi Tomas Salliwan tarapyndan satuwa çykarylýar.

Taganow AHMET,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok