Balarylar grekler tarapyndan taryhy maglumatlara görä, biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda eldekileşdirilipdir. Balarylaryň diňe bir balyny almak bilen çäklenmän, eýsem ary mumyny we ýelimini dermanlyk hökmünde hem ulanypdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 600-nji ýyllarda Rodosse şäherinde bir tarapynda balarysy, beýleki tarapynda bolsa küýze şekillendirilen pul ýüze çykypdyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, küýze bal salynýan gaby aňladýar.
Balaryçylygy senagat taýdan ösdürmekligiň düýbüni tutujy Awram Ýewlampiýewiç Titow (1873-1942) hasaplanylýar.
XIX asyrda balary maşgalasynyň biologiýasyny düýpli öwrenmekde ony saklamak, köpeltmek bilen bagly üýtgeşiklik bolup geçýär. Şol sanda, bal almak we saklamak üçin ulanylýan balary gutusy kämilleşdirilýär. Baly aljak bolanlarynda arylary tüsse berip kowupdyrlar. Soňra güýç bilen gysyp, balyny alypdyrlar hem-de çykan baly elekden süzüpdirler.
Häzirki wagtda adamlar balarynyň berip biljek peýdasy barada täze-täze açyşlar edýärler. Balarynyň peýdaly önümlerinde: balynda, mumunda, ary ýeliminde, gül tozgajygynda, ary süýdünde, zäherinde kesel beriji häsiýetleriň bardygy ýüze çykaryldy. Mundan başga-da balarylar oba hojalyk ekinlerini tozanlandyrmakda, olaryň hasyllygyny ýokarlandyrmakda we gowulandyrmakda hem möhüm orun eýeleýär.
Aýgül GULMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler