Welaýatlaryň häkimleri we beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

20-nji ýanwarda Mary welaýatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Welaýatlaryň häkimleri, medeniýet ministri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory paýtagtda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş saparyna gatnaşyjylar Maryda “Türkmeniň ak öýi” binasyna baryp gördüler. Onuň binagärlik keşbinde gadymy türkmen öýüni dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy, şeýle hem döwrebap dizaýnerçilik çözgütleri ulanyldy.

Mälim bolşy ýaly “Türkmeniň ak öýi” binasy beýleki welaýatlarda-da gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maryda bu ajaýyp desgany guran binagärler we telekeçiler şeýle desgalaryň gurluşygyny alyp barýan kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar. Olar binany gurmagyň aýratynlyklary, gurluşykda zerur bolan serişdelerdir enjamlar, gurnalan abzallardyr tehnikalar, gurluşykda ulanylan ölçeg kadalary we beýlekiler barada gürrüň berdiler. Şeýle hem binalaryň daşky we içki bezeg işleriniň her welaýatyň aýratynlyklaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup, ulanylmaga berilmegi barada bellenildi.

Soňra ýyladyşhana hojalyklarynyň işini guramagyň oňyn tejribesini öwrenmek maksady bilen, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň pomidor ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň işi bilen tanyşlyk guraldy. Bu ýerde geçirilen söhbetdeşlige ýurduň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileri hem gatnaşdylar.

Ýyladyşhana hojalygynyň ýolbaşçysy döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen berilýän ýeňillikli karz pul serişdelerinden peýdalanyp, giň möçberli ýyladyşhanany gurandygy, onda döwrebap enjamlaryň gurnalandygy barada gürrüň berdi.

Häzir telekeçiniň ýyladyşhanasynda pomidoryň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Bu ýerde işleýän hünärmenler ýurtda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok