Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän «Ýedi ganat» hojalyk jemgyýeti 23 ýyl bäri neçjarçylyk bilen meşgullanýar. Hojalyk jemgyýeti agaçdan mebelleri, pol, diwar üçin, şeýle-de çyglylyga durnukly hammam örtüklerini, stoldur oturgyçlary, aşhana tagtalaryny öndürip başlady. Olar, esasan, müşderilerden gelýän buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.
«Ýedi ganat» hojalyk jemgyýetiniň aşhana üçin önümlerine, şol sanda ululy-kiçili tagtalaryna, agaç okaradyr tabaklaryna ýurdumyzyň kafedir restoranlary uly isleg bildirýärler.
Munuň üçin kärhana Türkiýäniň öňdebaryjy tehnologiýasy esasynda enjamlaşdyryldy. Agajy işläp bejeriji, timarlaýjy enjamlar dürli ölçegdäki önümleri sünnäläp ýasamaga mümkinçilik berýär.
Önümçilikde dünýäde iň berk, owadan hasaplanýan agaçlar, şol sanda ýerli agaçlar ulanylýar. Islendik önüm taýýarlanylanda özüne laýyk agaç saýlanyp alynýar. Olaryň tebigy reňkleri, halkalary özboluşly nagyşlar ýaly, önüme gelşik berýär. Şonuň üçin hem bir önüm beýleki birine meňzemän, ýeke-täk özüne mahsus aýratynlyga eýe bolýar.
Mährijemal Amanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler