Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dana ata-babalarymyzyň paýhas çeşmesinden – «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilen nöker – bal bilen şeker», «Dil bilmez nöker – abraýyňy döker», «Dil bilenler galadyr, dil bilmezler – beladyr», «Dilmaç öz jogabyny özi tapar», «Köp dil bilen, köp biler» – diýen paýhasly taglymlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda şu günki ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly bolmaklygy üçin daşary ýurt dillerini öwrenmekligi babatyndaky meselelere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň ýurt başyna geçen ilkinji gününden – 2007-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň her birine häzirki zaman kompýuterleriniň, multimediýa tagtalarynyň ornaşdyrylmagy hem, daşary ýurt dillerini mugallymlara öwretmeklik, ýaşlara bolsa öwrenmeklik babatynda diýseň uly ýeňillikleri döretdi. Çünki, mugallymlar multimediýa tagtasynda ýörite daşary ýurt dillerini öwrenmeklik üçin niýetlenilen çeper filmleri okuwçylara görkezmeklik bilen ýaşlaryň öwrenýän dili babatda kämilleşmekligini gazanýarlar. Ýagny, multemiýa tagtasynda görkezilýän çeper filmlerde her bir artistiň gürleýän sözleri ekranda ýazylýar we okuwçy şol ýazylan daşary ýurt sözleriniň dogry aýdylyş usullaryny öwrenýär. Munuň özi bolsa, ýaşlara öwrenýän daşary ýurt dilini, şol ýurduň raýatynyň gürleýşi ýaly kämil derejede öwrenmekligine ýardam edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerindäki multimediýa tagtalarda sanly ulgamyň hyzmatlaryndan peýdalanylyp, onlaýyn ýagdaýda daşary ýurt mekdepleri bilen daşary ýurt dillerini öwretmekligiň we öwrenmekligiň usullary barada tejribe alyşylýar. Bu tejribe ýurdumyzyň mugallymlarynyň, talyplarynyň, okuwçylarynyň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekligi babatda diýseň ähmiýetlidir.
Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi. Daşary ýurt dillerini öwrenijileriň öwrenýän dilini aňsat özleşdirmekligi üçin niýetlenilen dürli programmalar döredildi. Daşary ýurt dillerini dürli oýunlaryň üsti bilen öwredýän programmalar çagalaryň öwrenýän dilini örän çalt we aňsat özleşdirmegine ýardam edýär. Sözlük programmalary, sesli sözlük programmalary, gepleşik programmalary hem-de gramatikany öwredýän programmalar okuwçylary daşary ýurt dillerini örän içgin öwrenmeklige iterýär. Terjime programmasy bolsa, okuwçynyň öz öwrenýän diline terjime eden ýazgysynyň dogry terjime edilip-edilmändigini barlap görmekligi üçin örän peýdalydyr. Mundan başga-da, internet ulgamynda okuwçynyň sapakda mugallymyň daşary ýurt dilinden öwreden mowzugyny okuwdan daşary gaýtadan özleşdirmekligi üçin ýörite wideorolikler bar.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri babatda döredilýän şeýle uly mümkinçilikler ene dilinden daşary dürli dilleri bilýän raýatlarymyzyň sanyny hem barha artdyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň iňlis, rus dillerinden daşary hytaý, koreý, ýapon dillerini öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Döwletimizde, okuwçylar üçin bu diller babatynda ýöriteleşdirilen mekdepler hereket edýär. Watanymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolsa talyplaryň saýlan hünärini düýpli öwrenmekligi üçin, olara zerur bolan daşary ýurt dilleri öwredilýär.
Aýjemal ÝOLOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy
Teswirler