Dikuçary kim oýlap tapdy

Adamy  asmana  alyp  çykýan  enjamy döretmek  gadymy  döwürlerden  bäri köpsanly  alymlaryň  ünsüni  özüne çekipdir.  Şolardan biri  Leonardo da Winçi bolup,  ol  1500-nji  ýylda  uly  wintiň planyny  çyzypdyr.  Ol  dikuçary  gurmaga synanyşmandyr,  çünki  şol  wagtlar motor  hem  bolmandyr. 

1796-njy  ýylda Jon  Keýli  bug  dwigateli  bilen hereketlenýän  dikuçary  döredýär.  Bu dikuçaryň  ýeterlik  derejede  göteriliş güýji  bolmanlygy  sebäpli  onda  uçup bilmeýär.  Şondan  soňra adamlar  köp wagtlap  dikuçary  ýasamaga synanyşýarlar.  Döredilen  dikuçarlaryň käbirleri  fantastik,  käbirleri  bolsa ýönekeý  görnüşde  bolupdyr.  Emma olardan  az  sanlysy  uçup  bilipdir.  Olar uçanda  hem  diňe  öz  agyrlygyny  göterip bilipdir.  Iň  esasy  mesele  güýçli,  ýeňil dwigateliň  ýoklugynda  bolupdyr.  Munuň ýaly  dwigateller  birinji  jahan  urşy ýyllarynda  döredilipdir  we  olar dikuçaryň  asmana  göterilmegine  şert döredipdir. 

1909-1910-njy  ýyllarda  Igor Ekorskiý  iki  sany  dikuçary  ýasaýar. Olardan  biri  diňe  öz  agyrlygyny  göterip bilipdir.  1917-nji  ýylyň  ahyrynda awstriýa-wengriýaly  iki  sany  ofiser dikuçar  ýasaýarlar.  Bu  dikuçar  ýokarda birnäçe  gezek  perwaz  eýleýär,  emma  ol erkin  ýagdaýda  öwrülip  bilmeýär. Dikuçarlary  kämilleşdirmek  üçin  birnäçe döwletlerde  işler  alnyp  barylýar.

1936-njy  ýylda  Germaniýanyň Fokke-vulf  kompaniýasynda  döredilen dikuçar  üstünlikli  netije  berýär.  Bu dikuçar  1937-nji  ýylda  335  metr beýiklikden  70  mil/sagat  tizlik  bilen hereket  edýär.  ABŞ-a  emigrant  bolup baran  rus  inženeri  Igor  Skorskiý (1889-1972)  1940-njy ýylda özüniň birinji dikuçaryny  hödürleýär.  Bu  dikuçar “YS-800”  diýip atlandyrylýar.  Bu  dikuçar ABŞ-nyň  harbylary  tarapyndan  harby tehniki enjam hökmünde kabul edilýär.


Baýramgözel REJEPMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok