Milli Liderimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň netijesinde syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli we innowasion özgertmeleri, ilkinji nobatda, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk hem artmagyna, hil taýdan täze belentliklere çykmagyna, şeýle hem dünýäniň has ösen ýurtlarynda ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösýän we Döwlet býujetine uly möçberlerde girdeji getirýän, netijeli pudaklaryň birine öwrülýän halkara syýahatçylyk bazaryna goşulmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, birnäçe toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň kabul edilmegi hem oňa doly şaýatlyk edýär. Bu toplumlaýyn maksatnamada syýahatçylygyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny döretmek we kämilleşdirmek, syýahatçylygy ýurdumyzyň içinde we onuň daşynda giňden mahabatlandyrmak, syýahatçylyk ulgamynda hususy telekeçilik işini ýaýbaňlandyrmak, Watanymyzy syýahatçylyk babatda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşmak, syýahatçylyk ulgamy üçin ýokary derejeli dolandyryjylary, ýörite bilimli hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, syýahatçylyk ulgamynyň işini daşky gurşawy goramak syýasaty bilen utgaşdyrmak bilen ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek we syýahatçylaryň sanyny artdyrmak maksat edilýär. Häzirki wagtda daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin täze syýahatçylyk ugurlary açylýar, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu ugurda başy başlanan ägirt uly taslamalar Türkmenistanyň dünýä syýahatçylygynyň öňdebaryjy merkezleriniň hataryna goşulmagyna itergi berýär. Muňa, ýurdumyzyň taýsyz tebigy gözelliklere beslenen künjeklerinde täze gurlan hem durky düýpli abatlanan şypahanalar, iri medeni-dynç alyş merkezleri döwrebap dynç alyş we güýmenjeler industriýasynyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi hem güýçli itergi berýär.
Syýahatçylyk işiniň üstünlikli ýola goýulmagynda, ýurduň azyk howpsuzlygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi möhüm şertleriň biri bolup çykyş edýär. Azyk önümleriniň döwlet eýeçiligindäki kärhanalarda we kömekçi hojalyklarda öndürilmegi we ösdürilip ýetişdirilmegi olaryň elýeterliligini ýokarlandyrýar hem-de ulanyş möhletiniň has ýokary derejede kepilliligini üpjün edýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza bolan hususy telekeçiler hem öz mynasyp goşandyny goşýarlar.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň paýy yzygiderli artýar. Telekeçilik işjeňliginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durnuklaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Ol önümçiligi çeýe dolandyrmaga, täze tehnologiýalary we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige tiz ornaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Telekeçilik ykdysadyýetde täze iş orunlary döretmäge, ykdysadyýetiň salgyt binýadyny giňeltmäge, importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri döretmäge itergi berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary hilli we ekologiýa howpsuzlygy derejesi bilen tapawutlanýan önümleri daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Hususy kärhanalaryň dürli görnüşli önümleriniň dünýäniň ençeme ýurduna eksport edilýändigi hem muňa aýdyň güwä geçýär. Öndürilen önümler, ýerine ýetirilýän hyzmatlar näçe ýokary hilli bolanda-da, häzirki zaman haryt we hyzmatlar bolçulygynda oňat ýola goýlan mahabatsyz olary bazara aňrybaş netijeli çykarmak kyn düşýär.
Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň tejribesinde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar üçin syýahatçylyk önüminiň esasy bolan syýahatçylyk ugurlarynyň 200 golaýy bar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bolsa, milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine özüniň täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak we olara bar bolan tebigy we taryhy ýadygärlikleri goşmak boýunça işler alnyp barylýar. Olara hususan hem, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Köýtendag etrabynyň, Garagum çölüniň, Sumbar jülgesiniň ýadygärlikleri degişli bolup durýar. Syýahatçylyk zolagynyň internet sahypalarynda ýörite mahabatlama wideoşekilleriniň ýerleşdirilmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dünýä derejesinde yzygiderli mahabatlandyrylyp durulmagy onuň meşhurlygynyň artmagyna alyp barar.
G.MERETMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler