Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugry- suw diplomatiýasy

Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň üpjün edilmegi köp babatda suw bilen baglanyşykly wezipeleriň oýlanyşykly çözülmegine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň örän jaýdar belleýşi ýaly, dünýäniň ähli halklary üçin suw durmuşyň we bolçulygyň mukaddes çeşmesidir. Suw bilen bagly meseleleri çözmekde dünýä ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek, suwdan rejeli peýdalanmak boýunça uzak möhletleýin strategiýalary işläp taýýarlamak derwaýys ähmiýete eýedir.

Bu wezipelere toplumlaýyn esasda çemeleşýän döwlet Baştutanymyz suw meselesini Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi

Şoňa laýyklykda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2015-nji ýylda günorta Koreýanyň şäheri Tegu şäherinde geçirilen VII  Bütindünýä suw forumynda diplomatiýanyň möhüm ugry bolan suw diplomatiýasy döredildi. Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak hem-de Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipler ýurdumyzyň suw diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň esasylarydyr.  Suw meseleleri howpsuzlygyň beýleki ugurlary, şol sanda energetika, ekologiýa we azyk howpsuzlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň suw diplomatiýasy toplumlaýyn häsiýete eýedir we ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de goňşy döwletler bilen bilelikde iş alyp barmaga, uzak geljege gönükdirilen iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendir. Taryhy we tebigy-geografik aýratynlyklary sebäpli Merkezi Aziýa sebitinde suw bilen, aýratyn-da, serhetüsti suwlary dolandyrmak bilen bagly meseleler hyzmatdaşlygyň täze görnüşli halkara gurallaryny döretmegi we herekete girizmegi talap edýär. Sebäbi suw serişdelerine elýeterlilik, olaryň netijeli dolandyrylmagy sebit döwletleriniň ösüşine, ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna we halklaryň abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Şol möhüm resminamalara esaslanyp, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklibini durmuşa geçirmegi dowam etdirer. Şeýle hem ýurdumyz 2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde BMG-niň ähli agza döwletlerini we halkara guramalary konsepsiýanyň deslapky taslamasyna we geljekki Ýörite maksatnamanyň gurluşyna garamaga çagyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň binýadynda hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda tassyklan Karary esasynda döredilip, onuň esasy wezipesi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, ilkinji nobatda, ulag, energetika we suw meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur öwrenmek boýunça hünär öwreniş we hünär kämilleşdiriş maksatly okuwlary guramakdan ybaratdyr. Şu maksatlar bilen hem halkara gatnaşyklary ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna DIM-niň Hlakra gatnaşyklary institutynyň düzüminde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça ýörite Okuw merkezini döretmek baradaky çözgüt kabul edildi. Bu merkeziň açylmagy , bu bolsa Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän barlag we seljerme işlerini kämilleşdirmäge, döwrüň talaplaryna laýyklykda  ýokary okuw mekdebinde geçirilýän çäreleriň iş ýüzündäki netijesini güýçlendirmäge mümkinçilik berer. Taryhy we tebigy-geografik aýratynlyklary sebäpli Merkezi Aziýa sebitinde suw bilen, aýratyn-da, serhetüsti suwlary dolandyrmak bilen bagly meseleler hyzmatdaşlygyň täze görnüşli halkara gurallaryny döretmegi we herekete girizmegi talap edýär. Sebäbi suw serişdelerine elýeterlilik, olaryň netijeli dolandyrylmagy sebit döwletleriniň ösüşine, ykdysadyýetine, durmuş ulgamyna we halklaryň abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde we 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Şol möhüm resminamalara esaslanyp, Türkmenistan Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklibini durmuşa geçirmegi dowam etdirer. Şeýle hem ýurdumyz 2021-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde BMG-niň ähli agza döwletlerini we halkara guramalary konsepsiýanyň deslapky taslamasyna we geljekki Ýörite maksatnamanyň gurluşyna garamaga çagyrýar.  Merkezdäki okuwlara gatnaşýan talyplara hut şu meseleler boýunça nazary bilimleriň berilmegi bolsa, suw diplomatiýasy boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçe çemeleşmeleri işläp düzmekde, degişli synlary, seljerme maglumatlaryny taýýarlamakda hem-de bu ugurlar boýunça giň gözýetimli hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Häzirki günde hem Türkmenistanyň daşary işler minstrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda möwsümleýin okuwy tamamlanyp barýar.

Tejribäniň görkezişi ýaly, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegini sebitleýin derejede serhetüsti suw meselelerini çözmek boýunça gepleşikleri geçirmek hem-de degişli çäreleri amala aşyrmak esasynda gazanmak mümkindir. Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly, bäş döwletiň arasyndaky özara ynamy berkitmek netijeli çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berer. Hut şoňa görä-de, Türkmenistan tarapyndan sebitiň ähli ýurtlarynyň özara gyzyklanmalaryny nazarda tutup suw serişdelerini dolandyrmak boýunça öňe sürülýän başlangyçlar bu günki gün dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 75-nji mejlisinde ileri tutulýan garaýyşlarynyň, hususan-da, durnukly ösüş bilen baglanyşykly teklipdir başlangyçlarynyň hem Milletler Bileleşigine agza ýurtlar hem-de halkara guramalar tarapyndan giňden goldanyljakdygyna ynam bildirýäris.

.

Dilnoza Muhadowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok